Milli ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmegiň we tebigaty goramak baradaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň esasy mowzuklarynyň biri boldy.
Wise-premýer H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we olaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Meýdan şertlerinde işleýän hünärmenleriň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyna aýratyn üns çekildi.
H.Geldimyradow başlangyjyň esasy düzgünleri barada durup geçmek bilen, «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak ulgamyndaky döwlet gözegçileriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşy boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Bu bolsa ýurdumyzyň ekoulgamlaryny goramak boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän işgärler üçin durmuş kepillendirmeleriniň ygtybarlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ätiýaçlandyryş ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ätiýaçlandyryş ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek, onuň häzirki zamanyň talaplaryna hem-de döwlet ekologiýa syýasatynyň wezipelerine laýyk gelmegini üpjün etmek tabşyryldy.