Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde ýurduň ýokary synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama (ylmy-döredijilik) işleri boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyjylar bilen hünäre ugrukdyryş duşuşygy geçirildi.
Zehinli okuwçylar we mugallymlar üçin uniwersitet boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy.
Çäräniň dowamynda ýokary okuw mekdebiň myhmanlary uniwersitetiň halkara ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyrylan barlaghanalary, okuw otaglary hem-de onda talyplaryň okuw, ylmy, döredijilik işleri üçin döredilen giň mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Okuwçylara ýokary okuw mekdebiň ýaş alymlarynyň gazananlary, hususan-da, olaryň ykdysadyýet we tehnologik telekeçilik ulgamynda döreden taslamalary görkezildi.
Şeýle hem ýokary synp okuwçylary uniwersitetiň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanylan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen bagly sergisine baryp gördüler.
Çäre ýaş nesilleri geljekde-de üstünlikli okamaga, ylmy-barlag we döredijilik işlerine itermek, şeýle hem ýokary synp okuwçylaryny hünär saýlamakda goldamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Duşuşygyň ahyrynda okuwçylar geçirilen çäreden özlerinde galan täsirlerini paýlaşyp, ýokary okuw mekdebiň häzirki zaman okuw toplumynyň binagärlik keşbine hem-de onuň öňdebaryjy ýokary tehnologik üpjünçiligine haýran galandygyny beýan etdiler.
Mekdep okuwçylarynyň sözlerine görä, çäre täze peýdaly bilimleri, talyplaryň durmuşy hem-de ýokary okuw mekdepde okamagyň mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlary almaga mümkinçilik berdi, şeýle hem olaryň ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrdy we köp babatda geljekki hünärlerini saýlamakda ugurlaryny kesgitlemäge kömek etdi.