Ï Möhletinden öň ses bermek hukugy — saýlawlaryň demokratik ýörelgesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möhletinden öň ses bermek hukugy — saýlawlaryň demokratik ýörelgesi

view-icon 146

19-njy martda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, bu işler ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän, şeýle hem saýlawlaryň geçirilýän gününde — 29-njy martda, dürli sebäplere görä, mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin degişli saýlaw uçastoklaryna baryp bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy. Saýlaw möwsüminiň dowamynda beýleki degişli saýlaw toparlary bilen birlikde, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde netijeli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň mynasyp wekilleri girýär.

Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň çäklerinde saýlaw okruglarynyň jemi 363-si döredilip, olaryň çäginde hereket etjek saýlaw uçastoklarynyň 578-si saýlawlary geçirmäge doly taýýar edildi. Hususan-da, Ahal welaýatynda 77, Balkan welaýatynda 12, Daşoguz welaýatynda 163, Lebap welaýatynda 181, Mary welaýatynda 125, Aşgabat şäherinde 20 saýlaw uçastogy hereket eder. Olar saýlaw býulletenleri, kabinalar we birmeňzeş nusgadaky ses bermek üçin gutular, degişli tehniki enjamlar, saýlawlar boýunça maglumat materiallary, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy resminamalar, beýleki materiallar bilen üpjün edildi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň 658 müň 924-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11 müň 373-si ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr. Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçiriler. Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, raýatlar toparlarynyň wekillerinden bellenilen, şeýle-de dalaşgärleriň özleriniň bellän milli synçylarynyň 667-si welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilen ýygnaklara, saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna, saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle-de saýlaw güni saýlaw uçastoklaryna baryp görmek, syn etmek mümkinçiligi döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, 29-njy martda saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratik esasda geçirilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Häzirki wagtda dalaşgärler bilen duşuşyklar dowam edýär. Olaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen maksatnamalary bilen tanyşýarlar.

Şeýlelikde, saýlawlar boýunça möhletinden öň ses bermegiň badalga alan tapgyry bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlygy tassyklaýar. Bu çäre ýurdumyzyň demokratik ösüş ýoluna, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsine öwrüler.