Ï Jebisligiň baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jebisligiň baýramy

view-icon 194
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
Jebisligiň baýramy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde bellenilýän bu milli baýram türkmenistanlylary bir agzybir maşgala birleşdirýär. Türkmen suratkeşleri bu sene mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini hem-de ildeşlerimiziň parahat, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirýän eserlerini hödürleýärler.

Sergi gymmatlyklarynyň merkezinde Merjen Kallyýewanyň «Bagtyýarlyk sazy» atly eseri ýerleşdirildi. Merjen häzirki zaman ak mermerli türkmen paýtagtynyň keşbinden ylham alyp, ýurdumyza bolan buýsanjyny beýan edýän owazy skripkada ýerine ýetirýän ýaş we owadan gyzy şekillendiripdir.

Häzirki zaman paýtagtymyzyň binagärligi suratkeşleriň eserlerinde ýygy-ýygydan duş gelýär. Bu tema suratkeşlere Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen özgertmelere bolan garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berýär. Şükür Rozyýew «Ak şäherim Aşgabat» atly eserini hödürledi. Şemşat Berdiýewa gijeki yşyklara beslenen «Ýyldyz» myhmanhanasyny şekillendirip, onuň täsin gurluşly binasynyň gözelligini açyp görkezipdir. Aziza Öwezmyradowa bolsa dizaýn çözgüdinde kollaž görnüşinde paýtagtymyzyň meşhur binalaryny gök tolkunlar bilen gurşalan çarçuwanyň içinde görkezdi.

Şeýle-de bolsa, bu sergide Çary Jafarow aýratyn tapawutlandy. Ol «Gelin», «Çeşme», «Soltan» we beýleki durmuş temaly grafika eserleriniň toplumyny hödürledi. Onuň «Gulakhalka» atly eseri tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Onda öýde hiç kim ýok wagty gulagyna gulakhalka dakmaga jan edýän kiçijik gyz şekillendirilýär. Emma gulakhalka näme üçindir hiç hili dakylmaýar. Bu eserde hem degişme, hem-de suratkeşiň gyzykly pursady duýup bilmek ukyby aýdyň görünýär.

Ýöne Çary Jafarow iň köp tomaşaçyny «Jelaleddin» atly eseri bilen haýrana goýdy. Orta asyr gahrymany bolan bu şahsyýet türkmen halky üçin gaýduwsyzlygyň we watansöýüjiligiň nyşanyna öwrüldi. Suratda Jelaleddin özüne wepaly batyr esgerleriň kiçi goşuny bilen Çingiz hanyň goşunyna garşy ýene bir ýeňşi gazanmak üçin taýýarlanýar. Jelaleddin hem-de onuň wepaly ýaranlary Watanyň hatyrasyna janlaryny gurban etmäge taýýar, emma duşmana boýun egmek islemeýärler. Jelaleddiniň batyrlygy we edermenligi onuň adyny halkymyzyň hakydasynda baky ýaşatdy.

Elbetde, şeýle gahryman barada döredilen eser güýçli watançylyk ruhuna eýedir. Onuň ady türkmenistanlylar üçin baýdak ýaly buýsanç bilen pasyrdap dur. Şonuň üçin döwlet nyşanlaryna bagyşlanan baýramda şeýle gahrymanyň keşbiniň bolmagy örän ýerliklidir. Sergi merkezindäki suratkeşleriň eserleri tomaşaçylary jebislik ruhy bilen ruhlandyrýar we Watana bolan çuňňur söýgini oýarýar.