Ï Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi

view-icon 125
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi

Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly aprel aýynyň ilkinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň döwrebap atçylyk sport toplumynda hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi.

Şu mynasybetli ilki bilen toplumyň öňündäki baýramçylyk lybasynda bezelen meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Möwsümiň açylyş dabarasynyň bezegine öwrülen medeni çykyşlarda bagtyýar zamanamyzy, şany dünýä dolan türkmen bedewlerini wasp edýän aýdymlar, folklor hem-de tans toparlarynyň çykyşlary bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy. Aýdym-sazly çykyşlardan soňra, at çapyşyklaryna badalga berildi. 4 we uly ýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen 1-nji çapyşykda Lebap atçylyk sport toplumynyň Galmaz atly dor aty 25,7 sekunt wagt görkezip, pellehanadan ilkinji bolup geçmekligi başardy.

Muhiddin Kulyýewiň çapyksuwarlyk eden bu bedewini Myrat Şeripowyň seýisländigini-de ýatlap geçmek bolar. 1400 metr aralyga geçirilen 2-nji çapyşyga hem 4 we uly ýaşar atlaryň 5-si goýberildi. Bu çapyşykda Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Agamyrat Çaryýewiň seýislän, Ömruzak Hemraýewiň çapyksuwarlyk eden Parasatly diýen dor aty bir minut 35,9 sekunt wagt görkezip, ynamly ýeňiş gazandy. Ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň şatlyk-şowhuny astynda geçirilen 3-nji çapyşykda Lebap welaýat häkimliginiň Gojadag diýen dor aty beýlekilerden ep-esli ara açyp, pellehanadan ilkinji bolup geçmekligi başardy. Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Aýdogdy Rowşanowyň seýislän, Muhiddin Kulyýewiň çapyksuwarlyk eden bu ýyndam bedewi bellenilen aralyga bir minut 37,4 sekunt wagt sarp etdi. Bir müň 400 metr aralyga geçirilen 4-nji çapyşygyň hem örän çekeleşikli geçendigini ýatlap geçmek möhümdir.

Bu çapyşykda ýeňiji bolan Döwran Gulbatyrowyň hojalygyna degişli Alçep atly al aty bilen 2-nji baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenabat şäher häkimliginiň Garamally atly al bedewiň pellehanadan geçendäki aralygy bir sekundyň ülüşlerine deň boldy. Çapyşykda ýeňiji bolan Alçepiň görkezen wagty bir minut 36 sekunda barabar boldy. Elbetde, bu çapyşygyň ýeňijisini seýislän Agasapar Baýramowyň, şeýle hem çapyksuwar Daýanç Abdyrahymowyň ussatlygyny hem belläp geçmek möhümdir. Tomaşaçylaryň elçarpyşmalary astynda geçen 5-nji çapyşyk hem täsirli geçdi. Bir müň 800 metr aralyga geçirilen bu çapyşykda Begenç Nurmämmedowyň hojalygyna degişli, Durdymyrat Pirnazarowyň seýislän, Mekan Orazowyň çapyksuwarlyk eden Gadam atly dor bedewi 2 minut 6,6 sekunt wagt görkezip, jemleýji bäsleşigiň ýeňijisi bolmaklygy başardy.

Bäsleşikde ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara hem-de seýislere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Hakyky toý-baýramçylyga öwrülip geçen çapyşyklaryň bagşy-sazandalaryň aýdym-sazlary bilen utgaşmagy bu çärä aýratyn röwüş çaýdy. Welaýat atçylyk sport toplumyna ýygnanan bagtyýar ildeşlerimiz milli mirasymyzyň iň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen bedewlerine goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.