Ï Balkan welaýatynda ýazky at çapyşygynyň ilkinji tapgyry üstünliklere beslendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda ýazky at çapyşygynyň ilkinji tapgyry üstünliklere beslendi

view-icon 189
Balkan welaýatynda ýazky at çapyşygynyň ilkinji tapgyry üstünliklere beslendi

Şu ýylyň 22-nji martynda paýtagtymyz Aşgabatda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. 5-nji aprelde hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsüme başlanyp, onuň şanyna dabaraly çäreler guraldy.

Eziz Diýarymyzda bolşy ýaly, Günbatar sebitiň Balkan atçylyk sport toplumynda geçirilen dabara-da ýatda galyjy, täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Balkan welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guran dabarasy egsilmez ruhy joşguna, aýratyn ähmiýete beslendi. Dabarada oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza agzybir halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy barada edýän giň möçberli taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden çykan tükeniksiz alkyş, hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň hemme ulgamlarynda, şol sanda milli atçylyk sport toplumynda guwandyryjy sepgitlere ýetilendigi dogrusynda buýsançly söhbetler etdiler.

Täsirli, şowhunly geçen dabarada welaýat medeniýet müdirliginiň bagşy-sazandalary, estrada aýdymçylary, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlary, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary çykyş etdiler. Buýsançly çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, barha pajarlap ösýän berkarar Watanymyzyň ýokary ösüşleriniň, behişdi bedewleriň, baky bagtyýarlygyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi. Şeýle-de şüweleňli dabara milli tanslarymyz, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy.

Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň, ýaşajyk heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şowly üstünliklerini açyp görkezýän eserleriniň sergilerine-de giň orun berildi. Olarda muzeý gymmatlyklaryna, milli senetkärlige, at esbaplaryna, halyçylyk, zergärçilik, heýkeltaraşlyk hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler juda täsirli boldy.

Balkan atçylyk sport toplumynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany” ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň ilkinji tapgyryna welaýatyň etrap-şäherlerinden gelen bedewleriň 40-sy gatnaşdyryldy. At çapyşygy mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar bu kaşaň, nurana toplumyň münberlerini doldurdylar. Olaryň şatlykly sesleri türkmen bedewiniň şöhratyny dünýä dolduran, arassa ganly tohum atlary ösdürip ýetişdirmekde, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä derejesine çykarmakda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan çäksiz alkyş, hoşallyk sözleriniň beýany bolup ýaňlandy.

Balkanly janköýerler atlaryň her bir çapyşygyny uzaklara ýaň salan bimöçber şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Ezber çapyksuwarlaryň erjelligi, atyň jylawyna ussatlyk bilen erk edişleri-de janköýerleriň berekellalary bilen mübäreklendi. Çekeleşikli, dartgynly ýagdaýda geçen gyzykly pursatlarda bedew janköýerleriniň şowhunly, dowamly el çarpyşmalary atçylyk sport toplumyny, onuň degre-daşyny gurşap aldy. Şeýle-de turuwbaşdan toý mähellesiniň ünsüni çeken çapyşyklarda 3, 4 we ondan uly ýaşar atlaryň arasynda 1200 metrden 1800 metr aralyga çenli ýaryşlaryň 5-si geçirildi.

Ýeňiji bolan çapyksuwarlara ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy, öňe saýlanan bedewlere hem halat-serpaýlar ýapyldy.