Ï «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 545

1-nji madda. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, konstitusion gurluşyny goramakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny, howpsuzlygyny berkitmekde hem-de kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde göreldeli gullugy bilen tapawutlanan, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

4-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

5-nji madda. Şu Kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri,
2026-njy ýylyň 10-njy iýuly.


«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnama

1. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny, howpsuzlygyny berkitmekde hem-de kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde göreldeli gullugy bilen tapawutlanan, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini sylaglamak maksady bilen döredilýär.

2. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan, ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan hem-de:

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda, döwletimiziň goranmak kuwwatyny ýokarlandyrmakda, Watanymyzyň hem-de onuň raýatlarynyň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary derejedäki söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmekde, harby gullukçylary Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemekde, ýokary harby düzgün-nyzamy saklamakda;

harby ylmy we tehnikany ösdürmekde, harby we hukuk goraýjy edaralar üçin hünärmenleri taýýarlamakda, uly möçberli harby okuw tälimleri taýýarlamakda we üstünlikli geçirmekde, goşunlaryň ýokary söweşjeň taýýarlygyny saklamakda;

harby borjuny göreldeli ýerine ýetirip, harby gullukda ýokary hünär derejesini görkezip, düzgün-nyzamy birkemsiz berjaý etmekde tapawutlanan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri sylaglanylýar.

3. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglananlara medal we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.


«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň ÝAZGYSY

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly güberçek görnüşinde ýerine ýetirilen sekizburçlukdan ybaratdyr. Ýubileý medalynyň umumy diametri 44,2 mm.

Her burçunda ýaşyl reňk bilen syrçalanan nagyş şekillendirilen sekizburçly ýyldyzyň burçlarynyň her biriniň arasynda üç sany burç ýerleşdirilip, olaryň ortaky burçunda ýaşyl reňk bilen syrçalanan nagyş şekillendirilen. Medalyň merkezinde tegelekleriň ikisi ýerleşdirilen, diametri 22,2 mm bolan, oýulyp şekillendirilen içki tegelekde altyn çaýylan Gün şöhleleri, ýaşyl reňk bilen syrçalanan Türkmenistanyň kartasynyň, sag tarapynda «Arkadag» binasynyň şekilleri, çep tarapynda güberçek görnüşde altyn çaýylan, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny aňladýan rim sany bilen «XXXV» diýen ýazgy, ýokarky böleginde bäş sany uçup barýan ak kepderiniň, aşaky böleginde Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri ýerleşdirilen. Daşy nagyş bilen bezelen, umumy diametri 32,2 mm, ini 3,2 mm bolan daşky halkanyň içinde ýaşyl reňk bilen syrçalanan «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa içinde ak sirkoniý daşy goýlan üç sany kiçi sekizburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen.

Ýubileý medalynyň arka tarapynyň merkezi böleginde umumy diametri 16,7 mm bolan tegelegiň içinde güberçek görnüşindäki bäş ýyldyzly ýarym Aýyň şekili, diametri 31,7 mm, ini 7,5 mm bolan daşky halkanyň ýokarky böleginde güberçek görnüşde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly» diýen ýazgy, aşaky böleginde bäş sany sekizburçluk ýerleşdirilen.

Ýubileý medaly halkajyk arkaly ini 29,2 mm, beýikligi 17,2 mm bolan ýaşyl reňk bilen syrçalanan gönüburçluk görnüşindäki kolodka birleşdirilen. Kolodkanyň esasy meýdanynda güberçek görnüşinde altyn çaýylan galkan we onuň aşagynda atanaklaýyn ýerleşdirilen iki sany gylyç şekillendirilen.

Galkanyň merkezi böleginde daşy nagyşlanan tegelegiň içinde ýerleşdirilen uly sekizburçlugyň merkezinde daş-töwereginde alty sany sekizburçluk şekillendirilen kiçi sekizburçluk ýerleşdirilen. Tegelegiň daşynda ýigrimi dört sany sekizburçluk ýerleşdirilen.

Ýubileý medalynyň plankasynyň ini 24,0 mm we beýikligi 10,0 mm bolup, ol mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalan.

Ýubileý medaly we onuň kolodkasy misiň we sinkiň garyndysyndan ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylan.

Kolodkanyň arka tarapynda medaly geýime dakmak üçin ildirgiç bar.


«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň ÝAZGYSY

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen. Plankanyň esasy meýdanynda güberçek görnüşinde altyn çaýylan galkan we onuň aşagynda atanaklaýyn ýerleşdirilen iki sany gylyç şekillendirilen. Galkanyň merkezi böleginde daşy nagyşlanan tegelegiň içinde ýerleşdirilen uly sekizburçlugyň merkezinde daş-töwereginde alty sany sekizburçluk şekillendirilen kiçi sekizburçluk ýerleşdirilen. Tegelegiň daşynda ýigrimi dört sany sekizburçluk ýerleşdirilen.

Ýubileý medalynyň plankasynyň ini 24,0 mm we beýikligi 10,0 mm bolup, ol mis bilen sinkiň garyndysyndan ýasalan.