Ï Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 218

Şu Kanun türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

1-nji madda. Ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ahalteke bedew atlary babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2-nji madda. Şu Kanunyň esasy maksatlary

Şu Kanunyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:

1) müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni durmuşynda hem-de häzirki döwürde döwlet derejesinde uly ähmiýete eýe bolan arassa ganly ahalteke bedew atlaryny we olaryň genofonduny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak;

2) ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini gorap saklamak;

3) ahalteke bedew atlary barada golýazmalary we beýleki ýazuw çeşmelerini toplamak, olary aýawly saklamak hem-de ylmy esasda öwrenmek, şeýle hem alymlaryň şol ýazuw çeşmeleri babatda iş alyp barmaklary üçin zerur şertleri döretmek;

4) ahalteke bedew atlary bilen bagly ylmy gözlegleri we barlaglary ösdürmek;

5) ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan ylmy we ylmy-köpçülikleýin eserleri, makalalary neşir etmek, terjime etmek hem-de ylmy dolanyşyga girizmek üçin şertleri döretmek;

6) ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan spektakllaryň, kino, aýdym-saz, çeper halk döredijilik eserleriniň, wideoşekilleriň, telefilmleriň, teleradiogepleşikleriň döredilmegini üpjün etmek;

7) ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan sirk, kino, teatr we sungatyň beýleki ugurlary boýunça festiwallaryň, bäsleşikleriň, gözden geçirişleriň, ylmy forumlaryň, konferensiýalaryň, sergileriň we medeni çäreleriň guralmagyny üpjün etmek;

8) ahalteke bedew atlary bilen bagly milli mirasy ilata ýetirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak;

9) ahalteke bedew atlary bilen bagly maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek;

10) halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek.

3-nji madda. Ahalteke bedew atlary babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala

aşyrýan edaralar

Ahalteke bedew atlary babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, atçylyk babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ahalteke bedew atlary babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) ygtyýarlandyrylan edarany kesgitleýär;

3) ahalteke bedew atlarynyň monumental heýkelleriniň, ýadygärlikleriniň hem-de taryhy bilen bagly maglumatlaryň döwlet hasabyna alnyşyna we goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;

4) ahalteke bedew atlary barada sanly portallaryň, web-saýtlaryň, maglumat gorlarynyň we gaýry innowasion ulgamlaryň döredilmegine we olaryň hereket etmegine ýardam edýär;

5) Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atlarynyň taryhyny, halkymyzyň durmuşynda tutýan ornuny açyp görkezýän nusgalyk eserleri bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegine ýardam berýär;

6) ahalteke bedew atlary babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

5-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) ahalteke bedew atlary babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) ahalteke bedew atlary babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

3) ahalteke tohum atlarynyň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

4) ahalteke bedew atlary babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

5) ahalteke bedew atlary babatda ýuridik we fiziki şahslaryň işini utgaşdyrýar we gözegçilik edýär;

6) ahalteke bedew atlary babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini üpjün edýär;

7) sirk, kino, teatr we sungatyň beýleki ugurlary boýunça festiwallary, bäsleşikleri, gözden geçirişleri, ylmy forumlary, konferensiýalary, sergileri we medeni çäreleri guraýar, geçirýär hem-de olara gatnaşýar;

8) milli atşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek, ilata ýetirmek we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça işleri geçirýär;

9) atçylyk pudagyny we seýisçilik sungatyny ösdürmek, şeýle hem at seýislemegiň we çapmagyň inçe tilsimlerini halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda ýaş nesle öwretmek işlerini amala aşyrýar;

10) sanly portallary, web-saýtlary, maglumat gorlaryny we gaýry innowasion ulgamlary döredip biler;

11) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.

6-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ahalteke bedew atlary babatda:

1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ahalteke bedew atlary bilen bagly golýazmalaryň, resminamalaryň, materiallaryň ýüze çykarylmagyna we olaryň taryhy, medeni gymmatlygynyň öwrenilmegine ýardam berýärler;

3) ýaşlaryň we gyzyklanýan şahslaryň ahalteke bedew atlaryna bolan höwesini artdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler;

4) ahalteke bedew atlary bilen bagly maglumatlary halk köpçüligine ýetirýärler;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýarlar.

7-nji madda. Ahalteke bedew atlarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy

Her bir ahalteke bedew aty döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir.

Ahalteke atynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy oňa degişli maglumatlaryň Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilmegi arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň çäginde ahalteke atlary çiplenilmäge we olaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin genetiki barlaglary geçirmek arkaly olar baradaky maglumatlar sanly maglumat binýadyna girizilmäge degişlidir.

Ahalteke atlarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

8-nji madda. Ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy

1. Döwlet türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sungat derejesinde sünnäläp ýetişdiren ahalteke bedew atlaryny Türkmenistanyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edýär we goraýar.

2. Döwlet ahalteke bedew atlarynyň şejere ugurlarynyň we tohumynyň arassa ganlylygynyň saklanmagyny kepillendirýär.

3. Gartaşan, şikes alan ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli atly sport ýaryşlaryna we önümçilik (seçgi-tohumçylyk) işlerine we medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşmagyny bes eden ahalteke bedew atlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragynda durýar.

4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen ahalteke bedew aty baradaky maglumatyň üýtgedilmegine, onuň hasaba alnyş resminamalaryndan we Döwlet tohumçylyk kitabyndan esassyz hasapdan aýrylmagyna ýol berilmeýär.

9-njy madda. Ahalteke atçylyk sungatynyň we seýisçiliginiň döwlet goragy

1. Döwlet Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini goraýar.

2. Döwlet ahalteke bedew atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň däp usullaryny saklaýan seýisleriň we atşynaslaryň işini goldaýar.

3. Ahalteke atlarynyň milli bezeg şaý-sepleriniň asyl nusgalaryny ýasamagyň tehnologiýasy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar.

4. Ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän çärelerde we sport ýaryşlarynda ahalteke bedew atlaryny milli nusgalara laýyklykda taýýarlanylan at şaý-sepleri bilen bezemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

10-njy madda. Atçylyk babatda hünärmenleri taýýarlamak

Döwlet atçylyk babatda, şol sanda ahalteke bedew atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek maksady bilen:

1) hünärmenleri taýýarlamak boýunça hünär bilim edaralaryny döredýär, olaryň işine goldaw berýär;

2) hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda okuw maslahatlarynyň, ýörite tejribe alyş okuwlarynyň we bilermenler maslahatlarynyň guralmagyna ýardam edýär;

3) hünärmenleriň işjeňligini höweslendirmek, ilatyň bu ugurdaky habarlylygyny ýokarlandyrmak babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabat we maglumat beriş çärelerini guraýar;

4) çagalary we ýaşlary ahalteke atçylyk medeniýeti bilen tanyşdyrmak, atlara bolan söýgini we sarpany ösdürmek maksady bilen, umumybilim we ýörite bilim edaralarynda atçylyk boýunça okuw-amaly sapaklary, gezelençleri guramak işlerini höweslendirýär.

11-nji madda. Ahalteke bedew atlaryny we olaryň şekilini ulanmak

Ahalteke bedew atlary sirkde, atly sportda we beýleki medeni-köpçülikleýin çärelerinde, tohumçylyk işinde peýdalanylyp hem-de olaryň şekili Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde haryt nyşanlarynda we mahabatda ulanylyp bilner.

12-nji madda. Ahalteke bedew atlarynyň Türkmenistanyň çäginden daşyna çykarylmagy we Türkmenistanyň çägine getirilmegi

Ahalteke bedew atlarynyň Türkmenistanyň çäginden daşyna çykarylmagy we Türkmenistanyň çägine getirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

13-nji madda. Ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy babatdaky işleri maliýeleşdirmek

Ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy babatdaky işleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, býujetden daşary serişdeleriň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

14-nji madda. Halkara hyzmatdaşlyk

1. Döwlet ahalteke bedew atlaryny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirýär.

2. Döwlet atlary ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek boýunça iş alyp barýan daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, ýuridik we fiziki şahslaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny goldaýar.

3. Döwlet ahalteke bedew atlaryna bagyşlanan halkara duşuşyklary, ylmy maslahatlary, bäsleşikleri, sergileri guramaga hem-de geçirmäge ýardam berýär.

4. Türkmenistan ahalteke bedew atlarynyň taryhy Watany hökmünde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen bilelikde olaryň arassa ganlylygyny tassyklamak, şejere maglumatlaryny barlamak, bu ugurda bilermen we gözegçilik ediji ornuny berkitmek barada hem-de dünýäniň arassa ganly ahalteke bedew atlarynyň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny (Studbuk) döretmek boýunça başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen tagallalary goldaýar.

15-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

16-njy madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi

Şu Kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabry.