Ï Türkmenistanda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň resmi saparyna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň resmi saparyna taýýarlyk görülýär

view-icon 105
Türkmenistanda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň resmi saparyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistan Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň resmi saparyny kabul etmäge taýýarlanýar. Öňümizdäki saparyň guramaçylyk meselesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garaldy.

Taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Ministr Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki ýurtlar, şol sanda Malaýziýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar etdi. Häzirki wagtda bu döwletleriň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýady 43 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamany öz içine alýar. Bu hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň binýady köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlupdy. Döwletara gepleşikler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa resmi saparyndan soň has-da ösdürildi.

R.Meredowyň hasabatynda belleýşi ýaly, Malaýziýa wekiliýetiniň nobatdaky iň ýokary derejeli sapary gazanylan üstünlikleri berkitmegi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze ösüş derejesine çykarmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyz döwletara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine Malaýziýanyň Premýer-ministriniň resmi sapary üçin kämil guramaçylyk taýýarlygy üpjün etmegi tabşyrdy.