Ï Iki aýda üçünji altyn medal: 8 ýaşly tennisçi Alihan Nurýagdyýew Gazagystanda geçirilen ýene bir ýaryşda çempion boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iki aýda üçünji altyn medal: 8 ýaşly tennisçi Alihan Nurýagdyýew Gazagystanda geçirilen ýene bir ýaryşda çempion boldy

view-icon 99
Iki aýda üçünji altyn medal: 8 ýaşly tennisçi Alihan Nurýagdyýew Gazagystanda geçirilen ýene bir ýaryşda çempion boldy
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

Ýaş türkmen tennisçisi Alihan Nurýagdyýew halkara meýdançasynda özüni ynamly tanatmagyny dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 13 – 18-nji iýuly aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralan abraýly halkara «Astana Masters 10&Under GA «Kubok Akima» Round to TOP 8» ýaryşynda «Aşgabat» tennis akademiýasynyň 8 ýaşly türgeni ýekelikdäki ýaryşda altyn medala, jübütleýin ýaryşda bolsa bürünç medala mynasyp bolup, öz ýaş toparynyň iň güýçli oýunçylarynyň biri hökmündäki derejesini ýene bir gezek tassyklady.

Ýaryşlar «Daulet» tennis merkeziniň meýdançalarynda geçirilip, oňa 10 ýaşa çenli ýaş toparynyň iň ökde tennisçileri gatnaşdy. Bäsleşikler Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) düzgünlerine laýyklykda guraldy. Ýekelikdäki ýaryşyň esasy torunda 64-e çenli türgen, jübütleýin ýaryşda bolsa 32 jübüt çykyş etdi. Munuň özi ýaryşyň ýokary derejede bäsdeşlikli geçmegine şert döretdi.

Alihan, aýratyn-da, ýekelikdäki duşuşykda örän üstünlikli çykyş etdi. Bu ýaryş kämilleşdirilen olimpiýa ulgamy boýunça geçirilip, onda ähli orunlar ugrunda bäsleşdiler. Her duşuşyk dört oýun utulýança dowam edýän iki setden ybarat boldy. Hasap 4:4 bolanda ýedi utuga çenli taý-breýk oýnaldy, setler deň tamamlansa, ýeňiji on utuga çenli dowam edýän çempionlyk taý-breýginde kesgitlenildi. Şeýle-de her oýunda hasap 40:40 bolanda çözgüt beriji ýekeje utuk ugrunda oýnaldy. Bu düzgünler her duşuşygyň has dartgynly we gyzykly ýagdaýda geçmegine sebäp boldy.

Çempionlyk ýolunda alty ýeňiş

13-nji belgi bilen çykyş eden Alihan Nurýagdyýew altyn medala barýan ýolda alty ýeňişli duşuşyk geçirdi. Ol tutuş ýaryşyň dowamynda ynamly oýun, kämil tehnika we ýokary psihologik durnuklylygyny görkezip, çempionlyk derejesine mynasypdygyny subut etdi.

Birinji tapgyrda türkmen türgeni Astananyň wekili Aslan Andižanowy ynamly ýeňdi – 4:1, 4:0. 1/16 final duşuşygynda Alihan Aktobe şäherinden gelen türgen Doshan Žarylkaby 4:0, 4:2 hasabynda ýeňip üstün çykdy.

1/8 finalda onuň garşydaşy Astanadan Kahar Salgara boldy. Garşydaşynyň güýçli garşylygyna garamazdan, Alihan duşuşygyň gidişine ynamly gözegçilik edip 4:0, 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Çärýek finalda türkmen tennisçisi Almatynyň üçünji belgili türgeni Emil Kadauowa hiç hili mümkinçilik bermedi we duşuşygy 4:1, 4:0 hasabynda tamamlady.

Ýarym finalda Alihan Bişkek şäherinden bolan gyrgyz tennisçisi Lew Baturskiý bilen duşuşdy. Ynamly hem-de taktiki taýdan sowatly oýnuň netijesinde Türkmenistanyň wekili ynamly ýeňiş gazandy – 4:1, 4:0.

Final duşuşygynda Almatydan bolan, ýaryşyň ikinji belgili türgeni German Istomin bilen geçirilen oýun ýaryşyň mynasyp jemlenmesine öwrüldi. Alihan ilkinji pursatlardan başlap başlangyjy öz eline aldy, meýdançanyň yzky böleginde hem, toruň ýanynda hem ynamly hereket etdi we duşuşygy 4:1, 4:0 hasabynda tamamlap, halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Alihan üç sany aýgytlaýjy duşuşykda – çärýek finalda, ýarym finalda we finalda garşydaşlaryna bary-ýogy bir oýny bermek bilen çäklendi. Munuň özi onuň ýokary derejeli taýýarlygyny we ýaryşyň iň jogapkärli pursatlarynda ynamly çykyş edendigini görkezýär.

Jübütleýin ýaryşda bürünç medal

Alihanyň jübütleýin ýaryşyndaky çykyşy hem üstünlikli boldy. Ol Astanadan bolan gazagystanly tennisçi Akmal Izbasarow bilen bilelikde ýarym finala çenli ýetdi. Soňra üçünji orun ugrundaky duşuşykda Gazagystanyň Nikita Pan / Amirali Žunusow jübütini 4:2, 4:2 hasabynda ýeňip, halkara ýaryşyň bürünç medallaryna mynasyp boldular.

Yzly-yzyna ikinji uly üstünlik

Astanadaky ýeňiş Alihanyň 2026-njy ýylyň 25 – 30-njy maýy aralygynda Aktobe şäherinde geçirilen halkara «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» ýaryşyndaky ajaýyp çykyşynyň mynasyp dowamydyr.

Şonda 8 ýaşly türkmen tennisçisi hakyky täzelik döredip, birbada iki altyn medala – ýekelikde we jübütleýin derejelerde ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, yzly-yzyna geçirilen iki sany halkara ýaryşda Alihan Nurýagdyýew jemi dört medala eýe boldy. Olaryň üçüsi altyn, biri bolsa bürünç medaldyr.

Şeýle durnukly netijeler diňe bir türgeniň ýokary derejeli taýýarlygyny däl, eýsem, onuň öz ýaş toparyndaky iň güýçli tennisçileriň gatnaşýan abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek ukybyny hem görkezýär.

24-nji oktýabrda 9 ýaşyny doldurjak Alihan Nurýagdyýew häzirki wagtda Türkmenistanyň iň geljegi uly ýaş tennisçileriniň hataryna girýär. Ol A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebiniň 2-nji synpynda okaýar we okuwyny güýçli türgenleşikler hem-de halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen üstünlikli utgaşdyrýar.

Ýaş tennisçiniň sport taýdan kämilleşmeginde onuň tälimçileri – Ýuriý Rogusskiý we Meýlis Orazmuhammedow uly goşant goşýarlar. Olaryň ýolbaşçylygynda Alihan tehniki ussatlygyny, taktiki pikirlenişini we psihologik durnuklylygyny yzygiderli ösdürýär.

Alihan Nurýagdyýewiň Astanadaky çykyşy türkmen tennis mekdebiniň eýýäm ýaşlyk döwründen başlap halkara derejeli türgenleri taýýarlamaga ukyplydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Gazagystanyň iň iri iki çagalar ýaryşyndaky ýeňişleri ýaş türgeniň uly mümkinçiliklerini tassyklaýar we onuň geljekki sport ýoluna ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.