Türkmenistanyň lukmançylyk taryhy gadymy halk tebipçilik däplerinden we Beýik Ýüpek ýolunyň lukmançylyk mekdeplerinden başlap, halkara derejesinde ykrar edilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş ulgamyna çenli uzap gidýän ösüş ýoludyr. Häzirki Türkmenistanyň çäkleri taryhyň dowamynda sebitiň iň iri ylmy merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde meşhur «Horezmşanyň hazynasy» atly eseriň awtory Seýit Ysmaýyl Jürjany ýaly alymlar we lukmanlar ýaşapdyr hem-de düýpli ylmy işleri döredipdir.
Halk tebipçiligi çuňňur taryhy köklere eýedir. Asyrlarboýy Köpetdagyň we Garagumyň täsin dermanlyk ösümlikleri giňden ulanylypdyr. Sowet döwründe ýurtda howply ýokanç we parazitar keseller doly ýok edildi ýa-da berk gözegçilik astyna alyndy. 1931-nji ýylda Aşgabatda Türkmen döwlet lukmançylyk instituty (häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti) açylyp, milli lukmançylyk hem-de ylmy işgärleri taýýarlaýan esasy okuw ojagyna öwrüldi. Şeýle hem bejeriş palçykly köle esaslanýan «Mollagara», mineral çeşmeleri ulanýan «Arçman» we böwrek kesellerini klimat bejergisi arkaly bejermekde ýöriteleşen «Baýramaly» şypahanasy ýaly meşhur sagaldyş merkezleri döredildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze ösüş derejesine çykdy. 1995-nji ýyldan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama netijesinde ýurdumyz sebitde ilkinji bolup azyk duzunyň doly ýodlaşdyrylmagyny, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün etdi, şeýle hem immunizasiýanyň, aýratyn-da «B» gepatitine garşy sanjymlaryň ýokary derejesi üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň şahadatnamalaryna mynasyp boldy.
Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly lukmançylyk merkezleriniň bitewi toplumy döredildi. Aşgabatda we welaýatlarda Halkara kardiologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, onkologiýa, oftalmologiýa hem-de endokrinologiýa merkezlerini öz içine alýan ýöriteleşdirilen lukmançylyk şäherçeleri guruldy.
Şeýle-de bolsa häzirki döwürde milli saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmynyň düýbüni tutan, onuň häzirki üstünliklerine öz goşandyny goşan adamlary ýatlamak örän ýerliklidir. Şu ýyl Türkmenistanda lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty diýen ylmy derejä eýe bolan ilkinji türkmen zenanynyň ylym dünýäsine goşulmagyna 80 ýyl dolýar. Bu waka 1946-njy ýylyň sowuk gyşynda bolup geçdi. Ol uruşdan soňky ilkinji aýlardy. Ýurt weýrançylykdan çykyp, adamlar şäherleri agyr zähmet bilen täzeden dikeldýärdiler. Şeýle-de bolsa halkyň ýüreginde geljege bolan uly ynam we umyt bardy.
Şol umyt Nyýazgül Kulyýewany hem uruş ýyllarynda söýgüli işi bolan lukmançylyk ylmyna dolanmak arzuwy bilen ýaşatdy. Emma 1941-nji ýylyň tomsunda onuň arzuwy başa barmady. Nyýazgül dissertasiýa işini tamamlap barýarka 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlandy we ol hiç hili ikirjiňlenmän meýletin fronta gitdi. Ol 1937-nji ýylda Moskwanyň lukmançylyk institutyny tamamlap, lukman bolup işleýärdi hem-de aspiranturada okaýardy. Ähli kişi onuň tiz wagtdan kandidatlyk derejesini aljakdygyna ynanýardy, ýöne uruş onuň ykbalyny üýtgetdi.
Uruş ýyllarynda harby hassahananyň bejeriş bölüminiň müdiri, lukmançylyk gullugynyň maýory Nyýazgül Kulyýewa ýüzlerçe esgeriň we serkerdäniň janyny halas etdi. Ol türkmen zenanlarynyň deňhukuklylygy ugrunda göreşen işjeň jemgyýetçilik işgäri Ene Kulyýewanyň hem-de Gyzylarbat wagon abatlaýyş zawodynyň ussasy Gary aganyň gyzydy.
Harby gullukdan boşadylandan soň, N.Kulyýewa Aşgabada dolanyp geldi we 1946-njy ýylyň dekabrynda dissertasiýa işini üstünlikli gorady. Soňra ol Kiýewde doktoranturada bilim aldy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory boldy we Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda dosent wezipesinde işledi.
Lukmançylykda bitiren uly hyzmatlary üçin N.Kulyýewa Türkmenistan SSR-niň at gazanan lukmany hem-de SSSR-iň Saglygy goraýşyň tapawutlanan işgäri diýen hormatly atlara mynasyp boldy. Şeýle hem ol ýokary döwlet wezipelerinde işläp, Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň deputaty we respublikanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy.
Nyýazgül Garyýewna Kulyýewa Türkmenistanyň lukmançylyk we saglygy goraýyş taryhynda öçmejek yz galdyran rowaýata öwrülen şahsyýetdir.