Ï Üçünji we iň möhüm ädim. «MA-5» formatynyň giň gerimli özgerişi näme getirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üçünji we iň möhüm ädim. «MA-5» formatynyň giň gerimli özgerişi näme getirýär

view-icon 81
Üçünji we iň möhüm ädim. «MA-5» formatynyň giň gerimli özgerişi näme getirýär

Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygy alandan soňky özygtyýarlylygyň we duýgy göterilişiň ilkinji tapgyrynyň umumy serhetüsti wezipeleri çözmek üçin sebit integrasiýasynyň obýektiw zerurlygyna kem-kemden orun berendigini eýýäm ynamly aýdyp bolar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwletliliginiň ewolýusiýasy garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda milli özygtyýarlylygy aýratynlykda berkitmek ýolundan, tä sebitiň durnukly ösüşiniň bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmasyz mümkin däldigi baradaky pragmatik düşünjä çenli geçdi. Dezintegrasiýanyň we aýratyn döwlet gurluşynyň ilkinji itergisine sebit ýurtlarynyň bozulmaz özara baglanyşygy baradaky düşünje orun aldy, bu bolsa çuňňur hyzmatdaşlyga bolan islegi kemala getirdi. Şondan bäri sebitiň döwletleri bu ugurda üç sany iň möhüm ädimi ätdiler.

Birinji ädim. Şu islegiň çäklerinde döwletara gatnaşyklarda ynamy, has takyky bolsa, ynanyşmagy ösdürmek meselesi zerur şert hökmünde öňe çykdy. Şeýlelikde, sekiz ýyl mundan öň sebit ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Astanada geçen we «MA-5» formatynyň düýbüni tutan duşuşygy edil şu meseläni çözmäge bagyşlanypdy. Şol wagtda täze birleşigiň baş wezipeleri sebit ýurtlarynyň arasynda durnukly ynanyşmak gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, daşary syýasy ugurda tagallalary utgaşdyrmakdan, uzak wagtyň ýуgnanyp galan ýiti meselelerini çözmekden, söhbetdeşlikde dürli býurokratik, hukuk bökdençliklerini we päsgelçiliklerini aradan aýyrmakdan ybarat boldy.

Şondan bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň geçen ýedi sany duşuşygy, mysal üçin, döwlet serhetlerini delimitasiýa we demarkasiýa etmek meseleleriniň çözülmegine, suw-energetika serişdelerini dolandyrmak mehanizmleriniň kemala gelmegine, özara haryt dolanyşygynyň artmagyna, bilelikdäki ulag-logistika geçelgeleriniň döredilmegine, şeýle hem serhetüsti wehimlere, terrorçylyga, ekstremizme we durnuksyzlyga bilelikde garşy durmagyna ýardam berdi. Eger-de hemmeleriň özara ynamyň wajyplygyna we şol bir serhetüsti meseleleri çözmekde bilelikdäki tagallalaryň ýiti zerurlygyna bolan düýpli düşünjesi bolmadyk bolsa, bu ýolda öňe gidişlik hem bolmazdy.

Soňky ýyllarda sebit hyzmatdaşlygy hilde täze derejä çykdy, muňa döwlet serhetleri meseleleri boýunça gazanylan taryhy ylalaşyklar we özara ynamyň berkidilmegi ýardam etdi. Bu bolsa sebitiň barha artýan syýasy agramy bilen hem tassyklanylýar.

Şu tapgyrda möhüm we aýratyn ähmiýete eýe bolan zat «MA-5» formatynyň tagallalary utgaşdyrmagyň, ýeke-täk wezipesini işläp düzmegiň, halkara giňişlikde sebitiň birleşik sesiniň ýaňlanmagynyň netijesinde meýdança «MA-5» formulasyna «plýus» (goşmak) belgisini gazanmaga, takyky aýdanyňda bolsa, goşmaga mümkinçilik bermegidir. Meýdançanyň «MA-5 plýus» görnüşine geçmegi sebite ählumumy gepleşiklerde bitewi we ýeke-täk kemala gelen syýasy güýç hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berdi. Soňra yzygiderli häsiýete eýe bolan «MA-5 plýus» konsultatiw duşuşyklary bolsa Merkezi Aziýany ýöne bir ýanaşyk döwletler toplumyndan öz bähbitleri we ösüş önümçilikleri bolan durnukly syýasy-ykdysady sebite öwürdi.

Şu ýerde birleşik özüniň logiki ikinji ädimine golaýlaşdy. Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň Liderleriniň arasynda iň ýiti we wajyp meseleler boýunça yzygiderli pikir alyşmagy şol bir serhetüsti geçelgelerini hem-de energetika ugurlaryny bilelikde ösdürmegiň içki sebit çäklerinden çykyp, dünýä söwda bazarynyň giň giňişliklerine we sebitara baglanyşyklara aralaşmagyny talap etjekdigine düşünilmegine getirdi.

Bu babatda gysga wagtyň içinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Azerbaýjana, öz gezeginde, Bakunyň bolsa täze «MA-5 plýus» meýdançasyna ünsli syn etmegi belli bir derejede orna eýe boldy. Azerbaýjanyň formata goşulmagy tapgyrlaýyn, ýagny sebitiň esasy meýdançasy bolan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna integrasiýa arkaly amala aşyryldy. Ilki bilen, bu «hormatly myhman» derejesidir. Bakunyň sebit meýdançasyna doly hukukly girmegi bolsa Daşkentde geçen ýedinji konsultatiw duşuşygynda resmi taýdan yglan edildi.

Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň bäş taraply meýdançasyna goşulmagy Günorta Kawkazyň hem Merkezi Aziýanyň geosyýasy we ykdysady binagärligini özgertdi. Bakunyň mümkinçilikleri «MA-5» üçin Ýewropa derwezesini açýar, ulag düzümleriniň birleşdirilmegi bolsa sebitiň harytlaryny dünýä bazarlaryna geçirmek üçin ýeke-täk logistika zynjyryny gurmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, eýýäm kemala gelen «MA-6» formaty dünýäniň güýç merkezleri bilen geçirilýän söhbetdeşlikde sebitiň subýektliligini berkitýär. Sebit indi dürli döwletler hökmünde däl-de, bitewi ykdysady-logistika blogy hökmünde çykyş edýär. Azerbaýjanyň goşulmagynyň ilki seredende, çalt we ýeňil ýaly görünmegi bolsa ýönekeý düşündirilýär – bu ýurtlaryň arasynda öňden bäri bar bolan köpýyllyk baglanyşyklar, şeýle hem özara gatnaşyklardaky umumy dünýägaraýşy we bähbitler muňa sebäp boldy.

Uly ähtimallyk bilen tassyklamak bilen, şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Çolpon-Ata şäherinde geçen «MA-6» döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek işinde özboluşly üçünji ädim boldy. Muňa, ilkinji nobatda, alty döwlet Baştutanlarynyň hemmeleri tarapyndan gol çekilen Çolpon-Ata Jarnamasy – özara ynamyň ýokary derejesini resmi taýdan berkitýän resminama şaýatlyk edýär. Bu ýerde resmi däl şertnamalaryň diňe öz-özünden däl-de, eýsem, hakyky ylalaşyklara öwrülýändigi bilen gymmatlydygyny bellemek gerek. Muňa goşmaça hökmünde, Azerbaýjanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşyklary tejribesine geçilmeginiň Ýewraziýanyň geosyýasy we ykdysady kartasynyň giň gerimli özgerişini hem aňladýandygyny aýtmak gerek. Şeýle öňe gidişlik alty döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejeli ynanyşmagyň ýene bir tassyklamasydyr diýip pikir edýäris. Mundan başga-da, resmi däl konsultatiw duşuşyklar Liderleriň gatnaşyklardaky janlylyga we pragmatizme bolan ymtylyşyny görkezýär. Şeýle ýagdaýda olar duýgur meseleleri (howpsuzlyk, logistika, suwdan peýdalanmak, energetika) berk býurokratik protokolsyz ara alyp maslahatlaşmak üçin goşmaça mümkinçilikleri alýarlar. Şeýle çemeleşme çalt üýtgeýän ählumumy ýagdaýlarda ylalaşyklary tiz tapmaga we hereketleri utgaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

«MA-5» formatynyň giň gerimli özgerişi näme getirdi we geljekde näme getirýär? Birinjiden, ol Merkezi Aziýa döwletleriniň bölekleýin iki taraply gatnaşyklardan we daşarky geosyýasy merkezlere baglylykdan sebit subýektliligine hem-de çuňňur integrasiýa geçýändigini şöhlelendirýär. Ikinjiden, özgeriş Merkezi Aziýanyň daşary syýasatynyň obýektinden dünýä giňişliginde özbaşdak, kuwwatly we bitewi oýunça kem-kemden öwrülmegine getirýär.

Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli sammitleriniň daşarky güýçleriň araçylygyna mätäç bolmazdan strategiýa degişli çözgütleri kabul etmegiň baş mehanizmine öwrülmegi hem möhümdir. «MA-6» ýurtlary Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda esasy köpri roluny özünde pugta berkitmek üçin infrastruktura ösüşini utgaşdyrmaga hakyky mümkinçilik aldylar.

Ýene bir möhüm ugur – «MA-6» ýurtlary diňe bir çig mal (nebit we gaz) eksport edijiniň derjesinden sebitiň içinde çuňňur gaýtadan işleýjä we ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri öndürmäge kem-kemden geçýärler. Mysal üçin, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň tejribesini hem-de kuwwatyny çekmek arkaly nebiti we gazy bilelikde gaýtadan işlemek, şeýle hem logistika mümkinçilikleriniň (Türkmenbaşy we Baku portlary) bolmagy formatyň ýurtlarynyň ählisiniň ýangyç we azyk howpsuzlygyny kepillendirip biler. Şunuň bilen baglylykda, onýyllyklaryň duşunda ýerli çaknyşyklaryň çeşmesi bolup hyzmat eden serhetleri delimitasiýa we demarkasiýa etmek amaly tamamlanýar. Serhetüsti wehimlere, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we beýleki wehimlere bilelikde garşy durmagyň ähmiýetini hem bellemän geçmek bolmaz.

Çolpon-Ata şäherinde geçen döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky, VIII resmi konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda özboluşly sagady deňeşdirip barlamagy boldy. Liderleriň sebit howpsuzlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, ulag logistikasy, ekologiýa, suw serişdeleri, ynsanperwer we ýaşlar özara baglanyşygy meselelerini aýlap geçmejek bu duşuşygynyň sebit ýurtlary we Azerbaýjanyň arasyndaky ynanyşmak baglanyşyklaryny has-da berkitjekdigine hiç hili şübhe ýokdur.