Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) binasynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2026-2027-nji ýyllar möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň bijesi çekildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň üç gezek çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň toparçadaky garşydaşlary hem belli boldy.
Bije çekişligiň netijesinde «Arkadag» topary «B» toparçasyna düşdi. Türkmen topary bu tapgyrda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» hem-de Bahreýniň «Al-Muharraq» toparlary bilen duşuşar.
Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, toparlaryň sebetlere bölünişi Aziýa Futbol konfederasiýasynyň toparlaýyn reýtingi esasynda geçirildi. Şoňa görä-de, «Arkadag» topary dördünji sebetde ýerleşdirildi. Şeýle-de bir ýurduň toparlarynyň bir toparçada ýerleşdirilmegine ýol berilmedi.
Netijede, «Arkadag» topary ilkinji üç sebetden bir-birden garşydaş aldy. Birinji sebetden «Al-Jazira», ikinji sebetden «Gol Gohar», üçünji sebetden bolsa «Al-Muharraq» topary türkmen toparynyň garşydaşy boldy. «Arkadag» toparynyň toparçadaky garşydaşlarynyň üçüsi hem halkara derejesinde belli toparlaryň hataryna girýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabiniň «Al-Jazira» topary 1974-nji ýylyň 19-njy martynda «Al-Halidiýa» we «Al-Batin» toparlarynyň birleşmegi netijesinde döredildi. Topar öý duşuşyklaryny 42 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Mohammed bin Zaýed» stadionynda geçirýär. Topar BAE-niň çempionatynda üç gezek ýeňiş gazanyp, bir gezek ýurduň Naýbaşy kubogyna eýe boldy. Geçen möwsümde bolsa BAE-niň professional ligasynda 14 toparyň arasynda dördünji orny eýelemegi başardy.
Eýranyň «Gol Gohar» futbol topary Kerman welaýatynyň Sirjan şäherine wekilçilik edýär. 1997-nji ýylda döredilen topar Eýranyň ýokary diwizionynda çykyş edýär hem-de iri dag-magdan kompaniýasynyň adyny göterýär. Öý duşuşyklaryny 8 müň töweregi tomaşaçy üçin niýetlenen «Imam Ali» stadionynda geçirýär. Topar «Golgohar» senagat topary tarapyndan maliýeleşdirilýär. Sport toparda futboldan başga-da woleýbol, göreş we basketbol ýaly sport görnüşleri boýunça hem toparlar hereket edýär.
2026/2027-nji ýyllar möwsüminiň 14-nji awgustda başlan Eýran Pro-ligasynda iki tapgyrdan soň «Gol Gohar» 4 utuk bilen dördünji orunda barýar.
«Arkadag» toparynyň üçünji garşydaşy «Al-Muharraq» Bahreýniň iň gadymy hem-de iň üstünlikli futbol toparlarynyň biridir. 1928-nji ýylda döredilen bu topar geçen 98 ýylyň dowamynda içerki we sebit derejesindäki köp sanly çempion derejelerini we kuboklary gazandy. Topar Bahreýniň Premýer-ligasynda 36 gezek çempion boldy, şeýle hem Pars aýlagynyň çempionlar ligasynda bir gezek ýeňiş gazandy.
Mundan başga-da, «Al-Muharraq» 2008-nji we 2021-nji ýyllarda AFK-nyň Kubogynyň eýesi boldy. Bu ýaryş Aziýanyň topar futbolynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli halkara kuboklarynyň biri hasaplanýar.
AFK-nyň howandarlygynda geçirilýän bu ýaryş geljekki möwsümde 22-nji gezek guralar. Toparçalaýyn tapgyra 23 ýurtdan 32 topar gatnaşar. Olaryň arasynda ýaryşyň ozalky bäş ýeňijisi – Iordaniýanyň «Al-Faýsaly», Bahreýniň «Al-Muharraq», Omanyň «Al-Seeb», Kuweýtiň «Al-Kuweýt» we Özbegistanyň «Nasaf» toparlary bar. Şeýle hem Aziýanyň kubok ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş edýän Eýranyň «Gol Gohar» we Malaýziýanyň «Kuching City» toparlary hem toparçalaýyn tapgyra gatnaşar.
AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda toparlar geografik aýratynlyga görä Günbatar we Gündogar zolaklaryna bölündi.
Günbatar zolagy
«A» toparça: «Al-Wahda» (BAE), «Nasaf» (Özbegistan), «Al-Kuweýt» (Kuweýt), «Al-Halidiýa» (Bahreýn).
«B» toparça: «Al-Jazira» (BAE), «Gol Gohar» (Eýran), «Al-Muharrak» (Bahreýn), «Arkadag» (Türkmenistan).
«C» toparça: «Al-Taawun» (Saud Arabystany), «Al-Raýýan» (Katar), «Al-Faýsaly» (Iordaniýa), «Al-Nahda» (Oman).
«D» toparça: «Al-Huseýn» (Iordaniýa), «Al-Şorta» (Yrak), «Al-Seeb» (Oman), «East Bengal» (Hindistan).
Gündogar zolagy
«E» toparça: «Seoul FC» (Koreýa Respublikasy), «Melbourne Victory» (Awstraliýa), «The Cong-Viettel» (Wýetnam), «Persib Bandung» (Indoneziýa) / «Manila Digger» (Filippinler).
«F» toparça: «Adelaide United» (Awstraliýa), «BG Pathum United» (Taýland), «Lion City Sailors» (Singapur), «Tai Po» (Gonkong).
«G» toparça: «Machida Zelvia» (Ýaponiýa), «Shanghai Shenhua» (Hytaý), «Preah Khan Reach Svay Rieng» (Kamboja), «Tampines Rovers» (Singapur).
«H» toparça: «Gangwon FC» (Koreýa Respublikasy), «Kuching City» (Malaýziýa), «Kitchee» (Gonkong), «Phnom Penh Crown» (Kamboja).
Toparçalaýyn tapgyrdaky duşuşyklar 15-nji sentýabrdan 9-njy dekabra çenli geçiriler. Bu tapgyrda toparlaryň her biri öýünde üç, myhmançylykda üç duşuşyk geçirip, öz toparçasyndaky garşydaşlarynyň her biri bilen iki gezek oýnar. Her toparçadan iň gowy netijä eýe bolan iki topar 1/8 final tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.
1/8 final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 9 – 18-nji fewralynda, çärýek final duşuşyklary 2 – 18-nji martda, ýarym final duşuşyklary 6 – 14-nji aprelde geçiriler. Final duşuşygy bolsa 15-nji maýda bolar. Ýaryşyň ýeňijisi indiki möwsümde AFK-nyň elit Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna göni gatnaşmaga hukuk gazanar.
Ýatladyp geçsek, «Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryna saýlama tapgyrda Hindistanyň «Goa» toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip çykdy.
Geçen möwsümde Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryny üstünlikli geçip, utulan-çykdy tapgyryna çykypdy. 1/8 finalda türkmen futbolçylary Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyndan iki duşuşykda-da 0:1 hasabynda ýeňildi.