Ï Täze okuw ýylynyň bosagasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw ýylynyň bosagasynda

view-icon 138
Täze okuw ýylynyň bosagasynda

Mary welaýatynda täze – 2026-2027-nji okuw ýylynyň barha ýakynlaşmagy bilen taýýarlyk çäreleri barha güýçlendirilýär. Şu ýyl welaýatyň orta mekdeplerine 27 müňden gowrak çaga 1-nji synpa kabul ediler. Mekdebe ilkinji gadam basan bagtyýar çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berler.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly tagallalar edilýär. Ýurduň geljegi şu günki ýaşlara, olaryň bilim we hünär başarnygyna bagly. Mary welaýatynyň bilim işgärleri hem bilim özgertmelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýärler. Şu okuw ýylynda welaýatyň bilim ulgamynda bir müňden gowrak ýaş hünärmen işe başlar. Bilim işgärleriniň işine ussat bolmaklary, döwrebap usullardan peýdalanmaklary üçin her ýyl awgust aýynda geçirilýän bilim işgärleriniň maslahaty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Mary welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde täze okuw ýylynyň öň ýanynda öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy. Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde welaýat derejesinde geçirilen bilim işgärleriniň maslahatyna welaýatyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, öňdebaryjy bilim işgärleri, halypa mugallymlar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, döwlet we halkara derejesinde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşdylar.

Maslahatda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler, ýerine ýetirilen işleriň jemleri, täze ̶ 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Mekdeplerde we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okuw-terbiýeçilik işlerini hem bilim işgärleriniň bilim kämilligini artdyrmakda edilmeli wezipeler kesgitlenildi. Maslahata gatnaşanlar bu ýerde gurnalan bilim özgertmeleri esasynda welaýatyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň taýýarlan ylmy tehniki-döredijilik taslamalarynyň hem-de innowasion tehnologiýaly täze okuw-görkezme esbaplarynyň baý sergisini synladylar.

Welaýatyň bilim edaralarynyň yzygiderli okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün edilip durulmagy ýaş nesiller hakynda edilýän aladalara şaýatlyk edýär. Şu okuw ýylyndan başlap welaýatyň Wekilbazar, Garagum, Ýolöten we Tagtabazar etraplarynda täze özgertmeler ornaşdyrylar. Welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmenleriniň habar bermegine görä 12 sany mekdepde 19 sany mekdebe taýýarlyk toparlaryny açmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa çagalara mekdebe has taýýarlykly barmaga ýardam berer. Bu özgertmeleri dogry ýola goýmak maksady bilen welaýat merkezi Mary şäherindäki 47-nji çagalar bagynda taýýarlyk toparynda işlejek mugallymlar we mekdep müdirleriniň gatnaşmagynda okuw-sapaklary geçirildi.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk çäreleriniň hatarynda ýurdumyzda uludan bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan dabaralary ýokary derejede guramakda geçirilýän çäreleri hem belläp geçmek gerek.