Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: -Türkmenistanyň bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: -Türkmenistanyň bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy

view-icon 109
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: -Türkmenistanyň bilim ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ylmy we bilimi hil taýdan täze derejä çykarmagyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynda öňdebaryjy ylmy gazananlary ornaşdyrmagyň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwrebap bilim edaralarynyň ulanmaga berilmeginiň ýurtda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň gerimini we üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýändigini hem belledi.