Ï Türkmenistanyň Prezidenti talyplara we mugallymlara ak ýol arzuwlaryny beýan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti talyplara we mugallymlara ak ýol arzuwlaryny beýan etdi

view-icon 1
Türkmenistanyň Prezidenti talyplara we mugallymlara ak ýol arzuwlaryny beýan etdi

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasynyň dowamynda talyplara we mugallymlara ak ýol arzuwlary bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman ýaş nesliniň ýokary watansöýüjilik duýgusyny we ruhubelentligini aýratyn belläp, onda mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň beýik geljegini görýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti ýaş raýatlaryň okamak, öwrenmek we yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň täze döwrebap binalar toplumlarynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz professor-mugallymlara we talyplara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde we okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.