Ï Türkmenistan bilen World Tennis hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny kesgitlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen World Tennis hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny kesgitlediler

view-icon 93
Türkmenistan bilen World Tennis hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny kesgitlediler

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen World Tennis guramasynyň (öňki ITF) prezidenti Deýwid Haggertiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti, şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany taýýarlamak, şeýle hem sport guramalarynyň arasynda hünär tejribe alyş-çalyşlaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda 2027-nji ýyldan başlap Türkmenistanda World Tennis guramasynyň howandarlygynda ýetginjekler üçin tennis ýaryşlaryny geçirmek baradaky başlangyja hem aýratyn üns berildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň maksatnamalarynyň çäklerinde sport diplomatiýasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýyldan bäri degişli Bütindünýä tennis guramasynyň agzasy bolup durýar. 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýanyň Tennis federasiýasynyň düzümine girýär. Soňky ýyllarda bu ugurdaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy. Yzygiderli ýagdaýda tälimçiler üçin okuw maslahatlary, şeýle hem ýaş zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilen çagalar we ýetginjekler ýaryşlary geçirilýär.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ykrar edilmegi hem bu ugurdaky işleriň netijeliligini görkezýär. 2024-nji ýylyň martynda şol wagtky Halkara tennis federasiýasynyň, 2026-njy ýylyň iýun aýyndan bäri bolsa World Tennis guramasynyň prezidenti Deýwid Haggerti hem-de Aziýanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Ýuriý Polskiý Aşgabat şäherine sapar bilen gelip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüz tutup, döwlet Baştutanyna sportuň ösdürilmegine goşandy üçin Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) ýörite şahadatnamasyny gowşurdylar.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy resmi taýdan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» derejesine eýe boldy.