Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň öňünde eden çykyşynyň dowamynda ýurdumyzyň ählumumy ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde eýeleýän möhüm ornuna giňişleýin ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Ýewraziýa ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşýän amatly geografik ýagdaýy netijesinde Aziýa bilen Ýewropanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyna işjeň ýardam berýändigini belledi. Bu ugruň esasynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasy bolup, ol üstaşyr-ulag geçelgelerini we ösen milli infrastruktura ulgamyny döretmegi göz öňünde tutýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny hem nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamyna degişli eýýäm alty Kararnamany kabul etdi. Şolaryň hatarynda «Birleşen Milletler Guramasynyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin durnukly ulag boýunça on ýyllygy» diýip yglan etmek baradaky Kararnama hem bar.