Ï Türkmenistanyň U20 ýaşlar ýygyndysy 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň ugrundaky final tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň U20 ýaşlar ýygyndysy 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň ugrundaky final tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklaýar

view-icon 96
Türkmenistanyň U20 ýaşlar ýygyndysy 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň ugrundaky final tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklaýar

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy dört toparyň gatnaşýan we Taýlandyň şäherleriniň birinde geçirilýän 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň ugrundaky saýlama ýaryşynyň «F» toparçasyndaky ikinji tapgyryň netijeleri boýunça ýaryşyň final tapgyryna çykmak mümkinçiligini saklap galdy.

Ikinji oýun gününi saýlama ýaryşyna şowsuz başlan Yrak we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary açdy. Birinji tapgyrda yrakly futbolçylar türkmenistanly deň-duşlaryndan garaşylmadyk ýagdaýda 1:2 hasabynda ýeňildiler, BAE-niň ýygyndysy bolsa iň az tapawut bilen — 0:1 hasabynda ýaryşyň eýesi bolan Taýlandyň ýygyndysyndan asgyn geldi.

Autsayderleriň özara duşuşygynda bagt Yragyň tarapynda boldy. Yragyň ýygyndysy 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, duşuşykda hasaby öwürmegi başardy. BAE-niň ýygyndysy 15-nji minutda Ýannik Mýulleriň jerime meýdançasyndaky gaýtadan urlan topy dürs urgusy bilen öňe saýlandy. Emma yrakly futbolçylar arakesmä çenli hasaby deňlemegi başardylar. Duşuşygyň 45-nji minutynda derwezäniň öňünden berlen pökgini Moamel Malik al-Şawi tora gönükdirdi.

68-nji minutda Sajad Huseýin al-Zaýedi kellesi bilen geçiren urgusy arkaly Yragy 2:1 hasabynda öňe çykardy.

Duşuşygyň ahyrynda BAE-niň ýygyndysy ýeňlişden halas bolup biljekdi. Olara 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berildi — derwezeban Al-Hlaýçi öz jerime meýdançasynda Mubarak al-Bluşini ýyksa-da, yrakly derwezeban öz ýalňyşyny dessine düzetdi. Ol Mýulleriň jerime urgusynyň ugruny dogry çaklap, böküp topy gaýtardy we öz toparynyň ýeňşini saklap galdy.

Soňra meýdança toparçanyň öňdebaryjylary — Türkmenistanyň we Taýlandyň ýaşlar ýygyndylary çykdy. Duşuşygyň köp böleginde Didar Hajyýewiň şägirtleri ýaryşyň hojaýynlarynyň hüjümlerini üstünlikli sakladylar. Duşuşygyň ykbaly 57-nji minutda bolup geçen ýeke-täk pursatda çözüldi: Siwa Pikulhom howadan gelen topa güýçli urgyny geçirip, Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezebanyna hiç hili mümkinçilik bermedi.

Bu yzly-yzyna gazanylan ikinji ýeňiş Taýlandyň ýygyndysyna yzarlap gelýän toparlardan üç utuk öňe saýlanmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň ýygyndysy 3 utuk bilen Yragyň topary bilen ikinji orny paýlaşýar. BAE-niň ýygyndysy bolsa utuksyz ýagdaýda soňky orunda barýar.

Soňky tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy BAE-niň topary bilen duşuşar, Taýland bolsa Yrak bilen oýnar. Şol duşuşyklardan soň ikinji ornuň we final ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik berýän ýeriň ykbaly kesgitlener.

Saýlama tapgyryna jemi 31 topar gatnaşýar. Olar sekiz toparça bölündiler. 2027-nji ýylyň 24-nji martyndan 10-njy apreline çenli Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek final tapgyryna 15 ýygyndy gatnaşar. Olar sekiz toparçanyň ýeňijileri, ikinji orunlary eýelän iň gowy ýedi topar hem-de ýaryşyň hojaýyny bolan Hytaýyň ýygyndysyndan ybarat bolar.

Şeýle-de dördünji orunlary eýeleýän iň pes görkezijili alty topar indiki saýlama tapgyrynyň «Ösüş tapgyryna» geçiriler.

Beýleki toparçalarda 2-nji tapgyryň netijeleri:

«A» toparça (üç toparyň gatnaşýan duşuşyklary Bişkekde geçirilýär):

Gyrgyzystan – Liwan – 2:3.

Toparlaryň ýagdaýy: Koreýa Respublikasy (bir oýun), Liwan (iki oýun) – 3 utukdan, Gyrgyzystan (bir oýun) – 0 utuk.

«B» toparça (duşuşyklar Daşkentde geçirilýär):

Bangladeş – Siriýa – 0:3,

Hindistan – Özbegistan – 0:4.

Toparlaryň ýagdaýy: Özbegistan – 6 utuk, Hindistan, Siriýa – 3 utukdan, Bangladeş – 0.

«C» toparça (duşuşyklar Wýetnamda geçirilýär):

Demirgazyk Koreýa – Eýran – 2:1,

Palestina – Wýetnam – 2:1.

Toparlaryň ýagdaýy: Demirgazyk Koreýa – 6 utuk, Eýran, Palestina – 3 utukdan, Wýetnam – 0.

«D» toparça (duşuşyklar Bahreýnde geçirilýär):

Owganystan – Täjigistan – 1:4,

Bahreýn – Iordaniýa – 1:2.

Toparlaryň ýagdaýy: Iordaniýa – 6 utuk, Bahreýn, Täjigistan – 3 utukdan, Owganystan – 0.

«E» toparça (duşuşyklar Katarda geçirilýär):

Oman – Saud Arabystany – 2:3,

Gonkong – Katar – 0:3.

Toparlaryň ýagdaýy: Saud Arabystany – 6 utuk, Oman, Katar – 3 utukdan, Gonkong – 0.

«G» toparça (duşuşyklar Kambojada geçirilýär):

Kuweýt – Ýemen – 1:3,

Kamboja – Ýaponiýa – 0:8.

Toparlaryň ýagdaýy: Ýaponiýa – 6 utuk, Kamboja, Ýemen – 3 utukdan, Kuweýt – 0.

«H» toparça (duşuşyklar Laosda geçirilýär):

Malaýziýa – Awstraliýa – 2:2,

Laos – Indoneziýa – 0:3.

Toparlaryň ýagdaýy: Indoneziýa, Awstraliýa – 4 utukdan, Malaýziýa – 2 utuk, Laos – 0.

Şol bir wagtyň özünde indiki saýlama tapgyryna çykmak üçin 11 toparyň göreşýän «Ösüş tapgyrynda» hem ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

«I» toparça

(duşuşyklar Mongoliýada geçirilýär):

Guam – Demirgazyk Marian adalary – 3:0.

Toparlaryň ýagdaýy: Mongoliýa we Guam – 3 utukdan, Demirgazyk Marian adalary – 0.

«J» toparça

(duşuşyklar Butanda geçirilýär):

Makao – Singapur – 0:1,

Butan – Hytaý Taýpeýi – 1:2.

Toparlaryň ýagdaýy: Hytaý Taýpeýi we Singapur – 6 utukdan, Butan we Makao – 0.

«K» toparça

(duşuşyklar Mýanmada geçirilýär):

Bruneý – Mýanma – 0:7,

Şri-Lanka – Maldiwler – 0:4.

Toparlaryň ýagdaýy: Mýanma we Maldiwler – 6 utukdan, Bruneý we Şri-Lanka – 0.

Bu toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýeleýän toparlar indiki saýlama ýaryşynyň esasy tapgyryna geçiriler.