Türkmen türgenleri Gyrgyzystanda geçirilen we tamamlanan VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynda 11 medal – 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar.
Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri halkara forum etnosport hereketini we adamzadyň etnomedeni mirasyny gorap saklamaga, dikeltmäge hem-de giňden wagyz etmäge gönükdirilip, däp bolşy ýaly, dünýäniň dürli ýurtlaryndan türgenleri bir ýere jemleýär.
Bu ýaryşlary ilkinji bolup Gyrgyz Respublikasy geçirmek başlangyjyny öňe sürüpdi. Çolpon-Atada 2014, 2016 we 2018-nji ýyllarda geçirilen oýunlardan soň, 2021-nji ýylda Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Soňra ýaryşlar ony esaslandyran ýurduň çäginden çykdy: 2022-nji ýylda IV Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary Türkiýäniň Iznik şäherinde, 2024-nji ýylda V Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary bolsa Gazagystanyň Astana şäherinde geçirildi. Şol ýaryşa 89 döwletden 2,5 müňe golaý türgen gatnaşyp, olar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşdiler.
Etnosport baýramçylygynyň altynjysy Gyrgyzystanyň iki meýdançasynda – açylyş dabarasy geçirilen paýtagt Bişkekde we ýaryşlaryň esasy geçirilýän ýeri bolan Çolpon-Atada guraldy. VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryna gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýdy: 106 ýurtdan 3 müň türgen we wekiliýetiň agzalary sportuň 43 görnüşi boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 7 tälimçi we guşakly hem-de milli göreşiň dürli görnüşlerinde çykyş eden 14 türgen boldy. Umumy medal sanawynda Türkmenistanyň ýygyndysy 7-nji orny eýeledi. Jemi 29 ýurduň türgenleri medallara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji altyn medaly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 20020-nji belgili harby bölüminde gulluk edýän esger Annagurban Allaberdiýew getirdi. Ol tälimçisi Nazardurdy Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen milli göreşi boýunça 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde ynamly ýeňiş gazandy.
Toparyň medallar gaznasyna gyrgyz milli alyş göreşi boýunça gazanylan üstünlikler hem uly goşant goşdy. Bu göreş aýak hereketlerine rugsat berilýän erkin görnüşe we aýak hereketleriniň gadagan edilýän nusgawy görnüşe bölünýär. Alyş göreşi boýunça türkmen ýygyndysy 4 medal gazandy. Erkin görnüşde 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde iň ýokary baýragy Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Nurmuhammet Baýdogdyýew eýeledi. Kümüş medallara bolsa Türkmenistanyň Guşakly göreş federasiýasynyň türgeni Abdyresul Durdyýew (erkin görnüş, 60 kilograma çenli), Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Sylapberdi Nuryýew (erkin görnüş, 80 kilograma çenli) we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Mekan Nurberdiýew (nusgawy görnüş, 80 kilograma çenli) mynasyp boldular. Bu türgenleri tälimçiler Şatlyk Myradow we Nuraly Lollykow taýýarladylar.
Şu tälimçiler toparynyň ýene bir şägirdi – Türkmenistanyň Guşakly göreş federasiýasynyň türgeni Pälwan Gurbangeldiýew (100 kilogramdan ýokary) Günorta Koreýanyň däp bolan ssirym göreşinde bürünç medal gazandy. Bu göreşde türgenler biliň we buduň daşyndan daňylan «satpa» atly guşakdan biri-birini saklap göreşýärler.
Türkmen türgenleri gadymy gyrgyz söweş sungaty bolan gyrgyz göreşinde hem üstünlikli çykyş etdiler. Bu görnüşde tutluşyk wagtynda türgenlere guşagy bir eli bilen gysga wagtlyk goýbermäge rugsat berilýär. Bu ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Atageldi Tejendurdyýew (84 kilograma çenli) bürünç medal gazandy. Ol garşydaşyny arkanlygyna täsirli zyňyp, bu üstünligi tälimçisi Begmyrat Saparlyýew bilen paýlaşdy.
Ýaryşyň ýene dört bürünç medal eýeleriniň hataryna şu türgenler goşuldy: kuraş boýunça 20020-nji belgili harby bölümiň harby gullukçysy Ylham Kemalow (100 kilogramdan ýokary, tälimçisi Dörtguly Tejenow); täjik milli bilbagly göreşi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Begli Hojammaýew (100 kilogramdan ýokary, tälimçisi Azat Berdimyradow); gazak göreşi boýunça 20020-nji belgili harby bölümiň esgeri Serdar Babamyradow (60 kilograma çenli); şeýle hem azerbaýjan göreşi boýunça Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynyň tälimçisi Zyýamuhammet Saparow (100 kilogramdan ýokary). Babamyradow we Saparow Abdylla Berdiliýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.
VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlaryndaky çykyş Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ösüşiniň aýdyň netijesini görkezdi. Astanada geçirilen öňki Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarda türkmen türgenleri 4 medal – 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň taryhynda Türkmenistanyň türgenleri jemi 96 medal: 37 altyn, 19 kümüş we 40 bürünç medal gazandylar.
VII Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň 2028-nji ýylda geçiriljek ýeri ýaryşlaryň ýapylyş dabarasynda Çolpon-Atanyň atçylyk meýdançasynda resmi taýdan yglan edildi. Nobatdaky bäsleşikleri Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäheri kabul eder.