«Arkadag» we «Ahal» futbol toparlary ilkinji ýarym final oýunlarynda ynamly ýeňiş gazanmak bilen, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Kubogynyň finalyna çykmak üçin, uly tagalla etdiler.
«Ahal» topary myhmançylykda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyndan 5:1 hasabynda üstün çykmak bilen, uly ýeňiş gazandy. Soňky netijä garamazdan, oýun myhmanlar üçin aňsat bolmady: oýnuň birinji ýarymyndan soň «Ahal» topary 0:1 hasabynda utulýardy – 24-nji minutda «Köpetdag» toparyndan Emir Berdiýew tapawutlandy.
Emma, oýnuň ikinji ýarymy duşuşygyň gidişini düýbünden üýtgetdi. Eziz Annamuhammedowyň şägirtleri diňe bir hasaby deňlemän, eýsem, yzly-yzyna bäş topy tora salyp, garşydaşlaryny sözüň doly manysynda uly hasap bilen utdular. Ýeňiji topardan gollary Nazar Töwekgelow (47-nji minut, jerime urgusyndan), Ýakupmuhammet Gowşudow (60-njy minut), Süleýman Mirzoýew (72-nji minut), Yslam Annamyradow (79-njy minut) we Annamyrat Meredow (83-nji minut) dagy geçirdi.
Ýurdumyzyň häzirki çempiony we milli Kubogyň eýesi «Arkadag» topary Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda «Altyn asyr» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi.
Hasaby 8-nji minutda «Arkadag» toparynyň oýunçysy Mekan Saparow açdy. 54-nji minutda meýdança eýeleri Röwşengeldi Halmämmedowyň takyk urgusy netijesinde hasaby deňlediler – 1:1. Oýnuň ikinji ýarymynyň ortasy duşuşygyň esasy pursady boldy, şonda Wladimir Baýramowyň şägirtleri iki gezek netijeli çakgan hüjüm etdiler: Ýazgylyç Gurbanow (65-nji minut) we Daýanç Meredow (67-nji minut) dagy tapawutlandy.
Oýnuň 84-nji minudynda Zafar Babajanow ikinji sary karty alyp, «Altyn asyr» toparyny azlykda goýup gidende, 2018-nji ýyldaky AFK-nyň Kubogynyň finalçysynyň gaýdyp utmak mümkinçiligi-de gaýyp boldy.
Ýarym finalyň jogap duşuşyklary 3-nji dekabrda geçiriler, 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi bolsa 13-nji dekabrda geçiriljek final duşuşygynda kesgitlener.