Ï TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

view-icon 47
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp «Garaşsyz Türkmenistan: berkararlygyň, bagtyýarlygyň, ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyplary çykyş etdiler.

Çykyşlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim pudagynyň hem öz mynasyp goşantlary, zähmet üstünlikleri bilen barýandygy barada bellenildi. Elbetde, milli medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmek, taryhy ýadygärliklerimizi dikeltmek we olary geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy bolup durýar. Ýurdumyzda ylym ulgamynda, şol sanda arheologiýa we taryh ugurlarynda ýaş hünärmenleriň kämilleşmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleriniň hem-de görnükli türkmen arheologlarynyň daşary ýurtly arheologlar bilen bilelikde alyp baran ylmy gözlegleri netijesinde Watanymyzyň çägindäki Gadymy Merw, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç, Altyndepe, Şähryslam ýaly birnäçe dünýä meşhur ýadygärlikleri taryhyň gatlagynda ýüze çykaryldy. Alymlaryň çeken irginsiz zähmeti netijesinde diňe bir tapyndylar däl, eýsem, Türkmenistanyň adamzat siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigini subut edýän taryhy hakykatlar dikeldildi. Häzirki wagtda hem arheologlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gazuw-agtaryş we dikeldiş işleri üstünlikli dowam etdirilýär.

Maslahatda çykyş edenleriň bellemegine görä, ata Watanymyzda halypa-şägirtlik ýörelgesine aýratyn üns berilýär. Arheologiýa we taryh ylymlary babatda bu adat aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi arheologiýa meýdan barlaglary, gazuw işleri we amaly dikeldiş işleri gönüden-göni halypadan şägirde geçýän çylşyrymly sungatdyr.

Birnäçe ylmy barlaglaryň netijeleriniň, halypalarymyzyň biz – ýaşlara ylym-bilim babatda beren maslahatlarynyň, ündewleriniň, taryh we arheologiýa ylymlaryny öwrenmekde, milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde döwletimiziň alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan giň möçberli işleriň durmuşa geçirilişiniň beýanyna öwrülen ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.