Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

view-icon 9
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallar netijeli işledilip, gallaçy daýhanlar ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün edilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlary, beýleki tehnikalary netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek babatda zerur çäreler görülýär.

Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini belledi we häkime bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişi dowam edip, möwsümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlar, beýleki tehnikalar netijeli işledilip, ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Güýzlük ekilen gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamaga taýýarlyk görülýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmegini, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalary, ekiji gurallar doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Sebitde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, pagta ýygýan kombaýnlary we hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini belledi we häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Pagtaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde we netijeli işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek ugrunda zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek boýunça utgaşykly işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we wise-premýere oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň, ekişde tehnikalary doly güýjünde işletmegiň, tagt hem-de gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda geçirip, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz pagta ýygymyna ünsi çekip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirip, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, zaýasyz ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegi, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly ekilen, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenen möhletlerde talabalaýyk alyp barmagy, welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna welaýatlarda gowy taýýarlyk görmegi hem tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.