Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 23

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän şanly doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, mähriban halkymyzy beýik işlere ruhlandyrmaga, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň ähli pähim-paýhaslaryny we güýç-gaýratlaryny beýik maksada — geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaga gönükdiripdirler. Siz hem eziz Watanymyza ägirt uly söýgiňiz bilen döwletimiziň berkararlygynyň pugtalandyrylmagyny, il-halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilmegini ähli zatdan ileri tutýarsyňyz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlar Garaşsyz ýurdumyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny, bütin dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkidilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Siz şu maksatlara ýetmekde, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine, merdanalygyna bil baglaýarsyňyz.

Siziň dabaralandyrýan ynsanperwer syýasatyňyz hem-de beýik ösüşlere bolan sarsmaz ynamyňyz ata Watanymyzy täze ýeňişlere we belent sepgitlere alyp barýar. Siziň «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgyňyzdaky: «Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,//Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň» diýen ganatly sözleriňiz halkymyzy döredijilikli zähmete, täze üstünliklere ruhlandyryp, beýik ösüşlere bolan ynamyny berkidýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyz dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Döwlet ösüşinde, milletiň ruhy-medeni galkynyşynda özboluşly milli ýörelge kemala gelýär. Watanymyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty giňden ykrar edilip, halkara başlangyçlarymyz uly goldawa eýe bolýar. Agzybir we jebis halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny parahatçylyk, agzybirlik, ruhubelentlik ýagdaýynda garşylamagynyň mysalynda-da bu hakykaty aýdyň görmek bolýar.

Toýumyz toýlara ulaşýan şanly ýylda mähriban halkymyz baş baýramymyzy uly zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, gözel Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirilip, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş hem-de senagat maksatly desgalar ulanmaga berildi. Häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýan Arkadag şäheri hem halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidigini doly subut edýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz döwrüň möhüm meselelerini çözmekde köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň guraly hökmünde türkmen Bitaraplygynyň eýeleýän ornuny berkitmek ugrunda çykyş edýärsiňiz. Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly goldanylýar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 30-dan gowrak Kararnama munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Şu ýylyň dowamynda-da «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Garaşsyz Watanymyzda geçirilen iri halkara forumlar, maslahatlardyr festiwallar, Siziň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, tanymal syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri bilen geçiren onlarça duşuşyklaryňyz ýurtlardyr halklaryň arasynda özara hormat goýmak, ynanyşmak dialogyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Siziň ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyz, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagyňyz we onuň üstünlikli netijeleri ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende göterdi.

Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bolsa at-myratly ýylymyzyň naýbaşy wakasyna öwrülip, ýurdumyzyň medeni hem-de ynsanperwer diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini äleme ýaýdy.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriňiziň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.