Ï Türkmenistanly ýaş mugallymlar Ýaponiýada bilimlerini kämilleşdirerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly ýaş mugallymlar Ýaponiýada bilimlerini kämilleşdirerler

view-icon 4
Türkmenistanly ýaş mugallymlar Ýaponiýada bilimlerini kämilleşdirerler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Wepa Abdysetdarow hem-de himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Mergen Nunnakow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim almaga ugradyldy.

Türkmen mugallymlarynyň okuwlary 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» (JICA Development Studies Program “SDGs Global Leader”) atly magistratura okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler.

Bu okuw sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

Maksatnamanyň çäklerinde türkmen mugallymlary Sukuba uniwersitetiniň magistr maksatnamasynda wodorod energiýasy we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim alarlar. Okuw döwründe ýaş türkmen hünärmenleri degişli dersler boýunça okuw sapaklaryna gatnaşyp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini geçirerler hem-de bu ugurda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenerler.

Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birinde alnyp barylýan okuw we ylmy-barlag işleri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ýokary tehnologiýalaryň we durnukly energetika ulgamlarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşar.