«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 28-nji tapgyrynyň duşuşygynda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki stadionda geçirildi.
«Arkadag» futbol topary oýnuň bütin dowamynda artykmaçlygyny saklady. Duşuşygyň esasy wakalary birinji ýarymyň ortalarynda we ikinji ýarymyň başlarynda bolup geçdi. 33-nji minutda goragçy Abdy Bäşimow hasaby açdy.
Arakesmeden soň ýer eýeleri paýtagtymyzyň futbol toparynyň derwezesine güýçli hüjümleri guradylar. Soňra Begenç Akmämmedow bilen Meýlis Diniýewiň her biri garşydaşyň derwezesine iki topy geçirmegi başardylar. Akmämmedow 50-nji we 63-nji minutlarda, Diniýew bolsa 52-nji we 68-nji minutlarda tapawutlandy.
Ilkibaşda bu duşuşyk 29-njy noýabrda geçirilmelidi. Emma guramaçylar türkmen toparyna AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary bilen geçiriljek örän möhüm myhmançylyk duşuşygyna doly taýýarlanmagy üçin oýny has irki möhlete geçirdiler.
«Arkadag» futbol topary çempionatyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, 23-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşygynda «Ahal» futbol toparyny 4:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň dört gezek çempiony bolmagyny kepillendirdi.
«Köpetdag» topary bilen geçirilen duşuşykda «Arkadag» toparynyň hüjümçileriniň öňbaşçysy Didar Durdyýew gol geçirmegi başarmasa-da, ol milli çempionatyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda 22 gol (şolaryň 4-si jerime urgudan) bilen ynamly öňdeligini saklaýar. Hüjümçileriň sanawynda ikinji orny «Ahal» toparynyň oýunçysy Süleýman Mirzoýew eýeleýär. Onuň hasabynda 10 gol (şolaryň 2-si jerime urgudan) bar.