Ï Mary welaýatynda dzýudo boýunça açyk birinjilik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynda dzýudo boýunça açyk birinjilik geçirildi

view-icon 141
Mary welaýatynda dzýudo boýunça açyk birinjilik geçirildi

2026-njy ýylyň 10 – 12-nji oktýabry aralygynda Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebinde 2012 – 2015-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda dzýudo boýunça Mary welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa jemi 85 sany ýaş türgen gatnaşdy. Mary şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleri bilen birlikde, Aşgabat şäherinden gelen ýaş türgenler hem olaryň hatarynda boldy.

Ýaryşyň esasy maksady ýaş dzýudoçylaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, olaryň beden we tehniki taýýarlyk derejesine baha bermekden, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda dzýudo sportuny giňden wagyz etmekden ybarat boldy.

Ýaryşyň baş emini wezipesini Mary şäheriniň 8-nji sport mekdebiniň dzýudo boýunça tälimçisi Geldimyrat Gurbanow ýerine ýetirdi.

Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebiniň türgenleri ýaryşda mynasyp netijeleri görkezmegi başardylar. 26 kilograma çenli agram derejesinde Mälikhan Amanmyradow, 27 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Begenç Berdimyradow ikinji orna mynasyp boldy. Daýanç Merdanow 46 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji boldy. Allamyrat Allamyradow 23 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orny eýeledi. Eýýup Tirkişow bolsa 42 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýeledi.

Şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi çagalaryň we ýetginjekleriň sporta bolan höwesini artdyrmaga, olaryň türgenleşik başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de beden taýdan sagdyn ösmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, dürli sport mekdeplerinden gelen türgenleriň gatnaşmagy tejribe alyşmak, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we sagdyn bäsdeşlik gurşawyny döretmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, geljegi uly türgenleri ýüze çykarmakda hem-de ýaş nesliň täze sport üstünliklerini gazanmagy üçin zerur taýýarlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.