14 – 15-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň utgaşdyrylmagy» hem-de «Emeli aňyň amaly ulanylyşy» diýen temalar boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahatlary boldy.
Bu çäreler Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 – 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamasynyň goldawy bilen guraldy.
Okuw maslahatlaryna halkara bilermenler, Klaustal tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýaş hünärmenleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Iki günlük okuw sapaklarynyň dowamynda olara gatnaşyjylar bilelikde «ýaşyl» energetikanyň we döwrebap tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşiniň meselelerine hem-de wezipelerine garadylar. Daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan energetika ulgamlaryny modelirlemek, elektrik energiýasynyň nyrhyny kesgitlemek we özgerdiji tehnologiýalar boýunça giňişleýin maslahatlar berildi. Gatnaşyjylar hünär boýunça pikir we tejribe alyşdylar, şeýle hem bu ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek meýillerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw maslahatlary türkmen mugallymlarynyň we talyplarynyň dikeldilýän energiýa çeşmelerini utgaşdyrmak, geotermal energetika, biomassany ulanmak, wodorod tehnologiýalary, şeýle hem emeli aň ulgamlaryny amaly taýdan ulanmak boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.