Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň alymlary 8–9-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen «Türki dünýäsinde azerbaýjan diliniň we edebiýatynyň öwrenilişi» atly halkara simpoziuma onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
Ylmy forum Azerbaýjanyň Hazar uniwersiteti hem-de Žusup Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Çäre iki sany ýubileý senesine – Baku türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna we Žusup Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň 100 ýyllygyna bagyşlandy.
Simpoziumyň işine Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan alymlar gatnaşdylar.
Simpoziýumyň çäklerinde birnäçe bölüm işledi. Olarda alymlar azerbaýjan dilini we edebiýatyny öwrenmegiň häzirki zaman meselelerini, şeýle hem olaryň umumy türki medeni giňişligindäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli ýurtlarda azerbaýjan diliniň we edebiýatynyň okadylyşy, şeýle hem diliň we edebiýatyň durmuşyň beýleki ugurlary bilen özara baglanyşygy baradaky meseleler seljerildi.
Forumda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow çykyş etdi. Alym «Magtymguly Pyragynyň we Samed Wurgunyň eserleriniň terjimeleriniň esasynda türkmen dilinden azerbaýjan diline we azerbaýjan dilinden türkmen diline şygyr tekstlerini terjime etmek tejribesi» atly mazmunly ylmy nutugyny hödürledi.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýene bir wekili – türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tagandurdy Bekjäýew hem «Magtymguly Pyragynyň dilinde Azerbaýjan we azerbaýjan edebiýaty» atly ylmy nutuk bilen çykyş etdi.
Simpoziumyň netijeleri boýunça pikir alşyldy, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky tekliplere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi. Halkara forumyň gatnaşyjylaryna şahadatnamalar gowşuryldy.