Ï «Altyn asyr» topary «Ahal» toparyndan öňdäki orny eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» topary «Ahal» toparyndan öňdäki orny eýeledi

view-icon 89
«Altyn asyr» topary «Ahal» toparyndan öňdäki orny eýeledi
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň çempionatynda 18-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşygy geçirildi. Paýtagtymyzyň «Nisa» stadionynda özara bäsdeşler — «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary duşuşdy.

Geçen ýyl bolşy ýaly, bu iki topar hem milli çempionatyň kümüş we bürünç medallary ugrunda göreş alyp barýarlar. Özara duşuşygyň öňüsyrasynda ýaryş tertibinde ikinji orny eýelän «Ahal» topary üçünji basgançakda ýerleşen «Altyn asyr» toparyndan bary-ýogy 1 utuk öňde barýardy. Ýatladyp geçsek, bu toparlaryň şu möwsümdäki üçünji duşuşygydy. Öňki iki oýun hem deňlikde tamamlandy: birinji aýlawda «Ahal» toparynyň meýdançasynda 0:0, ikinji aýlawda bolsa «Altyn asyr» toparynyň meýdançasynda 3:3 hasabynda.

«Ahal» üçin bu duşuşyk 17-nji oktýabrda Butanyň paýtagty Thimphuda başlanýan AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň öňüsyrasyndaky soňky synag boldy. Türkmenistanyň wise-çempionyna bu ýaryşda çärýek finala çykmak ugrunda öz ýurtlarynyň häzirki çempionlary — Butanyň «Paro», Siriýanyň «Al-Ittihad» we Liwanyň «Al-Ansar» toparlary bilen bäsleşmek garaşýar.

Duşuşyk diýseň dartgynly we ýiti göreşde geçdi. Duşuşygyň baş emini, Marydan bolan Ahmet Begnazarow iki toparyň futbolçylaryna jemi 11 sany sary kart görkezdi we üç futbolçyny gyzyl kart bilen meýdançadan çykardy.

«Ahal» toparynyň düzüminde sary kart alan futbolçylar: Döwran Hojamämmedow (2-nji minut), Hakmuhammet Bäşimow (7-nji), Ýakupmuhammet Gowşudow (20-nji), Muhammet Öwezow (30-njy) we Şazada Bäşimow (90+3-nji minut). «Altyn asyr» toparynyň düzüminde bolsa Alibek Abdyrahmanow (2-nji minut), Bagtyýar Gürgenow (7-nji), Söhebet Durdyýew (26-njy), Hoşgeldi Hojowow (44-nji), Weýsgeldi Orazdurdyýew (75-nji) we Ruslan Täjiýew (83-nji minut) sary kart bilen duýduryş aldylar.

Duşuşygyň ykbaly eýýäm birinji ýarymda çözüldi. 25-nji minutda Zafar Babajanow «Altyn asyr» toparyny öňe çykardy, 33-nji minutda bolsa Myrat Annaýew 11 metrlik jerime urgusyny ynamly ýerine ýetirip, toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy.

Meýdançadaky dartgynlylygyň iň ýokary derejesi birinji ýarymyň ahyrynda ýüze çykdy. 41-nji minutda özara çaknyşyk sebäpli «Ahal» toparynyň futbolçysy Yslam Annamyradow we ilkinji goluň awtory, «Altyn asyr» toparynyň oýunçysy Zafar Babajanow meýdançadan çykaryldy. Bir minutdan soň bolsa meýdançanyň daşynda «Ahal» toparynyň baş tälimçisi Eziz Annamuhammedow hem gyzyl kart aldy.

Duşuşygyň ahyrky jürlewügi «Altyn asyr» toparynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşini tassyklady. Bu netije Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine garşydaşyndan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, toparlar ýaryş tertibinde orunlaryny çalyşdylar: «Altyn asyr» topary ikinji orna çykdy, «Ahal» topary bolsa üçünji orna düşdi.

Ýatladyp geçsek, çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçysy ugrundaky bäsleşikde «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew ynamly öňdeligi saklaýar. Soňky dört möwsümiň iň netijeli hüjümçisiniň hasabynda 22 gol bar, olaryň dördüsi 11 metrlik jerime urgularyndan geçirildi. Onuň iň ýakyn yzarlaýjysy, «Ahal» toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew ep-esli yza galýar: onuň hasabynda 10 gol bar, olaryň ikisi 11 metrlik jerime urgularyndan geçirildi.