Paýtagtymyzda «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisi öz işini dowam etdirýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti, IDEA jemgyýetçilik birleşiginiň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Leýla Aliýewanyň başlangyjy bilen döredilen hem-de Emin Mämedow tarapyndan guralan bu taslama häzirki zaman sungatyny, ekologiýa düşünjesini we ynsanperwer dialogy bir ýere jemleýär.
Azerbaýjanda görkezilenden soň, sergi özboluşly halkara syýahatyny amala aşyrdy. Ol Bahreýnde, Italiýada, Beýik Britaniýada, Gruziýada, Germaniýada, Albaniýada, Şweýsariýada we Latwiýada görkezilip, ahyrsoňy Ispaniýanyň Madrid şäherinden göni Aşgabada geldi.
Häzirki wagtda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zallarynda dünýäniň 35 ýurdundan 62 suratkeşiň 116 eseri görkezilýär. Taslama gatnaşýan sungat ussatlarynyň düzümi sergiden sergä üýtgemeýär diýen ýaly. Aşgabatdaky sergä türkmen suratkeşleriniň hem sazlaşykly goşulandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň hatarynda «Milli buýsanjymyň atly hazynasy» we «Türkmen sährasynyň salkyn şemaly» atly eserleri bilen Rüstem Haidow, şeýle hem «Türkmen gelni» we «Kerwen» atly eserleri bilen Abdylmuhammet Derýaýew bar. Olaryň işleri halkara ekspozisiýasyna gaýtalanmajak milli öwüşgin we ýerli ruhy mazmun goşdy.
Halkara sungat taslamasy nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, installýasiýa sungaty, wideo sungaty, dokma eserleri we garyşyk usullar arkaly döredilen işler arkaly adam bilen tebigat dünýäsiniň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy öwrenýär. Bu taslamada daşky gurşaw hakydanyň, medeniýetiň we özboluşlylygyň janly arhiwi hökmünde görkezilýär.
Elbetde, ekspozisiýanyň merkezinde Leýla Aliýewanyň döreden ýürek şekilindäki göwrümli «Durmuş agajy» heýkeli ýerleşýär. Agaçlaryň köklerini ýatladýan, gan damarlaryna meňzedilen şekiller biri-birine çolaşyp, ýuwaşlyk bilen heýkeliň binýadyny gurşap alýar we ýere tarap uzalyp, ähli zadyň gözbaşyna birleşýär. Awtor özboluşly metaforik dil arkaly tomaşaçyny Ýeriň ýürek urgusynyň adamzadyň tebigy baýlyklar bilen nähili gatnaşyk saklaýandygyna aýrylmaz baglydygyna düşünmäge gönükdirýär.
Bu metaforik kökler siwilizasiýanyň geljegi barada pikir ýöredýän suratkeşleriň eserlerine tarap uzalýar. Latwiýaly suratkeş Andris Witolinşyň şekilli kendirde ýerine ýetiren «Aralaşmak duýgusy» atly eseri şäherleşme hadysasynyň dinamikasyna bagyşlanan bolsa, özbegistanly suratkeş Saýora Muin «Goraýjy» atly gurnama işinde Aral deňziniň meselesi barada oýlanýar. Bu deňziň guramagy bir wagtlar dünýäniň ululygy boýunça dördünji köli bolan suw howdanynyň ýitip gitmegine getirip, XX asyryň adam işjeňligi bilen baglanyşykly iň uly ekologiýa betbagtçylyklarynyň birine öwrüldi.
Her bir eseriň öňünde saklanyp, awtoryň oňa siňdiren pikiriniň mazmunyna çuňňur aralaşmak isleýärsiň. Munuň özi serbiýaly suratkeş Gala Çakiniň «Men uçmagy başarýaryn» atly suraty, azerbaýjanly sungat ussady Farid Rasulowyň «Döredilen nesil» atly eseri ýa-da liwanly suratkeş Majida Nasreddiniň özboluşly «çaý-kofe» portretleri bolsun, tapawudy ýok. Germaniýada ýaşaýan rus nakgaşy Nikolaý Makarowyň «Ady ýok» atly ägirt uly eseri aýratyn täsir galdyrýar. Suratkeş gürleşen bulutlary şekillendirip, olaryň garaňky gatlagynyň içinden näzik, efemer ýagtylygyň böwsüp çykýandygyny görkezýär. Bu ýagtylyk güýçlenip dowam edermi ýa-da bütinleý ýitip gider? Her bir tomaşaçy bu soraga özbaşdak jogap berýär.
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zallary her gün köp sanly tomaşaçyny kabul edýär. Sergä mekdep okuwçylary, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gezelençlere gelýärler. Ekspozisiýa gelýänler üçin guramaçylar ýörite teswirler depderini hem açdylar. Onda her bir isleg bildirýän adam ýadygärlik ýazgysyny galdyryp, özüne has ýaran eseri belläp biler. «Ene tebigat»» atly sergi şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli Aşgabatda dowam eder. Giriş tölegsizdir.
– Bu sergä hökman ýaş suratkeşler baryp görmeli – diýip, sungaty öwreniji, mugallym we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa belleýär. – Her bir eserde özboluşly mukaddes many bar. Ol şeýle bir inçelik bilen beýan edilýär welin, şol manyny açmak we esere diňe özüňe mahsus garaýyş bilen düşünmek üçin oňa üns bilen seretmeli bolýar. Elbetde, bu ösüp gelýän ýaş nesil üçin hem örän möhümdir. Sebäbi bu ýerde esasy gürrüň tebigat, ekologiýa we enäniň duýgulary barada gidýär. Ol haýwanyň enesi bolsun ýa-da adamzadyň enesi bolsun, tapawudy ýok. Biz tebigaty gorap saklamalydyrys. Haýsy ýurtdan bolandygymyza garamazdan, enä hormat goýmakda we ony aýawly saklamakda biziň ählimiz birdiris.
Aşgabatda geçirilen dabaraly açylyşda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň belleýşi ýaly, bu sergi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de doganlyk Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň miwesi miwesidir.
Türkmenistanda bu sergi iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda dowam edip gelýän dialoga aýratyn many berýär. Taryhy ýakynlyk, medeni umumylyk we Hazar deňziniň sebitindäki umumy giňişlik iki döwleti birleşdirýär. Häzirki wagtda bu medeni dialog umumy gymmatlyklara täzeçe düşünmek üçin giň mümkinçilik döredýär. Däp-dessurlar, taryhy hakyda, tebigat we ruhy miras milli serhetlerden çykyp, nesilleri birleşdirýän baglanyşyklara öwrülýär.