28-nji oktýabrda Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldyýew «Merkezi Aziýa – bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly halkara bilim forumyna gatnaşdy.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldyýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ministr öz çykyşynda duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we mähirli garşylanandygy üçin Özbegistan döwletine hoşallyk bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.
Çykyşda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 2026 – 2052-nji ýyllar üçin ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýasynyň, ýaşlar we industrial maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.
Ministr türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtady we munuň Awazada geçirilen ýokary derejeli soňky ylalaşyklar bilen berkidilendigini belledi, şeýle hem Türkmenistanyň sebitde akademiki mobilligi, ylmy aragatnaşyklary we bilelikdäki innowasiýalary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.