26–28-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň Geňeşiniň 39-njy mejlisine we Ählumumy Günortanyň görnükli alymlarynyň maslahatyna gatnaşdy.
Saparyň esasy wakasy Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň Geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowy assosiasiýanyň akademigi wezipesine saýlamak baradaky karary boldy. Möhüm ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen oňa Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň akademiginiň nyşanlary we diplomy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu waka türkmen ylmy mekdebiniň ýokary derejesiniň ykrar edilmeginiň hem-de onuň wekillerine bildirilýän ynamyň aýdyň nyşany boldy.
Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň täze saýlanan akademigi Allaberdi Aşyrow hoşallyk çykyşynda: «Men muny diňe bir öz işime berlen baha hökmünde däl, eýsem, Türkmenistanyň alymlarynyň gazanan üstünlikleriniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýärin» diýip belledi.
26-njy oktýabrda assosiasiýanyň ýolbaşçysy, Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň başlygy Wladimir Karanik tarapyndan dabaraly ýagdaýda açylan Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň Geňeşiniň 39-njy mejlisi Belarusyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň we Kubanyň ylymlar akademiýalarynyň hem-de ylmy merkezleriniň ýolbaşçylaryny we işgärlerini bir ýere jemledi.
Akademiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanan Geňeşiň mejlisinde A. Aşyrow «Türkmenistanyň ylmy: häzirki ýagdaýy, geljegi we halkara hyzmatdaşlygy» atly mowzuk boýunça çykyş etdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti ýurdumyzda ylmyň häzirki zaman ösüşi we onuň milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşine oňyn täsiri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, şeýle hem kiberhowpsuzlyk, emeli aň, robototehnika, biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi.
Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklaryň esasynda Türkmenistanyň dünýäniň 40-dan gowrak döwleti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň bolsa hil taýdan täze derejä çykýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 13–15-nji oktýabrda iki ýurduň alymlarynyň arasynda IV türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň geçirilendigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň hyzmatdaşlaryna bilelikdäki tagallalary bäş ugur boýunça birleşdirmegi teklip etdi. Olar: täze materiallar we himiýa tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energetika, ekologiýa we suw serişdeleri, biotehnologiýalar we azyk howpsuzlygy, maglumat tehnologiýalary we emeli aň. Şeýle hem türkmen tarapy ýaş alymlary goldamak boýunça tejribelikleri, bäsleşikleri we bilelikdäki taslamalary öz içine alýan umumy maksatnamany döretmek barada anyk başlangyç bilen çykyş etdi.
27-nji oktýabrda Ählumumy Günortanyň görnükli alymlarynyň maslahatynyň çäklerinde Halkara ylymlar akademiýalary assosiasiýasynyň Geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň müdiri Mukam Ekäýew «Emeli aň we hasaplaýyş ulgamlary» atly kiçi forumda «Düýpli ylmy barlaglarda we tehniki ösüşde öňdebaryjy tehnologiýalar: Türkmenistanyň garaýşy» atly tema boýunça çykyş etdi.
Alym inženerçilikde emeli aňyň ulanylyşy we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde işlenip taýýarlanylýan tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol grafeniň nanotehnologiýalary boýunça öz ylmy işi bilen aýratyn tanyşdyrdy. Bu özboluşly materialy öwrenmekde molekulýar-dinamiki modelirleme usulynyň ulanylýandygy, emeli aňyň bolsa modelirleme guraly hökmünde peýdalanylýandygy bellenildi.
Sian şäherinde geçirilen ylmy çäreleriň baý maksatnamasy ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler, şeýle hem Hytaýyň öňdebaryjy tehniki ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Demirgazyk-Günbatar politehniki uniwersitetiniň barlaghanalary bilen tanyşlyk arkaly dowam etdirildi.
Türkmen alymlarynyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran sapary Türkmenistanyň dünýä ylmy jemgyýetçiligine işjeň goşulyşýandygyny we onuň başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şeýle hem bu sapar Türkmenistanda ylmyň, ýokary bilimiň, senagat we tehnologik mümkinçilikleriniň häzirki zaman ösüşinde möhüm orun eýeleýän halkara ylmy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant boldy.