Ýurdumyzyň Aşgabat we Arkadag şäherleri «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gapylaryny giňden açýar. 6-njy noýabrdan başlap, festiwalyň sahnalarynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň teatr toparlary öz sahna oýunlaryny tomaşaçylara hödürlärler.
Festiwalyň çäklerinde görkeziljek sahna oýunlarynyň maksatnamasyny dykgatyňyza ýetirýäris.
6-njy noýabr
«Ajam iliniň Nowruzy» atly spektakl – Täjigistanyň Duşenbe şäherindäki Döwlet respublikan gurjak teatry.
Geçiriljek ýeri: Türkmen döwlet gurjak teatry. Başlanýan wagty: 14:30.
«Deňiz kenarynda ylgaşlaýan ala köpek» atly spektakl – Ilýas Omarow adyndaky Kostanaý welaýat gazak drama teatry (Gazagystan).
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry. Başlanýan wagty: 16:00.
«Oguz söýgüsi» atly spektakl – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry.
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry. Başlanýan wagty: 18:00.
«Kärizgenler» atly spektakl – Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry.
Geçiriljek ýeri: Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry. Başlanýan wagty: 19:00.
7-nji noýabr
«Asmandan inen ykbal» atly gurjak spektakly – Türkmen döwlet gurjak teatry.
Geçiriljek ýeri: Türkmen döwlet gurjak teatry. Başlanýan wagty: 10:00.
«Melikäniň gözýaşlary» atly spektakl – Özbegistanyň Buhara döwlet sazly drama teatry.
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry. Başlanýan wagty: 15:00.
«Halk hakydasy» atly spektakl – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry.
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry. Başlanýan wagty: 17:00.
«Leningrad günorta asmanyň astynda» atly spektakl – Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň talyplar teatr topary.
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry. Başlanýan wagty: 19:00.
8-nji noýabr
«Abu Lala Maari» atly spektakl – Ermenistanyň Goris şäheriniň Wagarş Wagarşýan adyndaky Döwlet drama teatry.
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry. Başlanýan wagty: 14:00.
Festiwalyň çäklerinde geçiriljek ähli sahna oýunlaryna tomaşa etmek tölegsiz.