Ï Beýik Ýüpek ýolunyň behişdi bedewleri Aşgabatda tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Ýüpek ýolunyň behişdi bedewleri Aşgabatda tanyşdyryldy

view-icon 547
Beýik Ýüpek ýolunyň behişdi bedewleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaýyň daşary ýurtlar bilen medeni alyş-çalyş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda «Müňýyllyklaryň behişdi bedewleri: Hytaý sungatynda atlar» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Çärä diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň wekili Güýçmyrat Baýmyradow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Dabarada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän 2026-njy ýylyň Hytaýyň aý senenamasy boýunça Ot atynyň (Bin-u) ýyly bilen gabat gelmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýylyň umumy nyşanlaryny we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda asyrlaryň dowamynda dowam edip gelen medeni alyş-çalyş taryhyny özünde jemleýän bu ähmiýetli sene wagt bilen giňişligiň özboluşly sazlaşygyny döredýär. Şol sazlaşygyň merkezinde bolsa asylly bedewiň keşbi durýar.

Türkmen topragynda kemala gelen, gadymy döwürlerde «ganatly» ýa-da «behişdi bedew» diýlip tanalan ahalteke aty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iki sebitiň arasyndaky gatnaşyklary üpjün eden esasy nyşanlaryň birine öwrüldi. Iki müň ýyldan gowrak wagt bäri bu ýol Hytaý bilen Türkmenistanyň siwilizasiýalarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ýola goýýan möhüm köpri bolup hyzmat edýär.

Sergi mazmun taýdan iki bölümden ybarat. Birinji bölüm – «Gadymy gözbaşlar – täze sazlaşyklar» Hytaýyň gadymy atçylyk medeniýetiniň müňýyllyklara uzaýan köklerini yzarlap, onuň şekillendiriş sungatynda ösüş ýoluny beýan edýän eserleri toplumlaýyn görkezýär. Bu bölümde gadymy golýazmalar, Mawanduýdan tapylan atlaryň daşky keşbini öwrenmäge bagyşlanan nusgawy traktat, Maolin guburyndan tapylan altyn çaýylan bürünç at heýkeli, şeýle hem Han Ganyň, Li Gunliniň, Çžao Menfuň we Juzeppe Kastilýoneniň meşhur eserleriniň nusgalary görkezilýär.

Serginiň esasy taryhy mazmuny Günbatar Han nesilşalygynyň döwrüni açyp görkezýär. Hut şol döwürde rowaýata öwrülen «gan derleýän behişdi bedewlerini» gözlemek siwilizasiýalaryň arasynda giň gerimli gatnaşyklaryň başlangyjyna öwrülipdir. Han nesilşalygynyň ýyl ýazgylarynda bu bedewler atlyny bakylyk ýurduna alyp gitmäge ukyply, ylahy gelip çykyşly jandarlar hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ikinji bölüm – «Bedewiň täze owazy: Hytaýyň häzirki zaman we döwrebap sungatynda at keşbi» müňýyllyklaryň dowamynda dowam edip gelýän däpleriň häzirki zaman sungatynyň giňişliginde täzeçe beýan edilişine bagyşlanýar.

Suratkeşler tuş bilen nakgaşlyk, ýagly reňkler bilen surat çekmek, grafika we garyşyk usullar ýaly dürli çeperçilik serişdelerinden peýdalanyp, bedew ruhunyň köpgyraňly keşbini häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan açyp görkezýärler. Serginiň iki bölümi biri-biriniň üstüni ýetirýär: gadymyýet häzirki zaman bilen dialoga girýär, Gündogar bilen Günbatar bolsa özara tejribe alyşýar.

Ekspozisiýanyň aýratyn üns çekýän eserleriniň biri häzirki zaman hytaý suratkeşi Žen Çženiň (Ren Zhe) «Tozanyň aňyrsyndaky lowurdaýan bedew» («Blazing Steed Beyond the Dust») atly bürünç heýkelidir. Bedewiň şaý-seplerinde däp bolan altyn çaýylan jaňjagazlar we şaýylar (malin – mǎlíng) ussatlyk bilen şekillendirilipdir. Hytaý däplerinde dabaraly at esbaplaryna dakylýan şeýle jaňjagazlar atlynyň ýokary jemgyýetçilik derejesini alamatlandyrypdyr. Olaryň hereket wagtynda ýaňlanýan mylaýym sesi bolsa ynançlara görä, erbet ruhlary kowup, ýolagçylara abraýly myhmanyň golaýlaşýandygyny habar beripdir.

Mundan ozal «Müňýyllyklaryň behişdi bedewleri» atly sebitara göçme sergi Sinszýan çeperçilik muzeýinde we Gonkongda görkezilipdi. Indi bolsa ol Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi 18-nji noýabra çenli dowam eder. Bu bolsa tomaşaçylara iki ýurduň baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder.