Ï Aşgabadyň mekdep okuwçylary laçynly aw etmek sungaty bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň mekdep okuwçylary laçynly aw etmek sungaty bilen tanyşdylar

view-icon 57
Aşgabadyň mekdep okuwçylary laçynly aw etmek sungaty bilen tanyşdylar

Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebinde her ýylyň 16-njy noýabrynda bellenilýän Bütindünýä laçynly awçylyk güni mynasybetli açyk sapak boldy. Bu sene 2010-njy ýylda laçynly awçylyk däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna resmi taýdan goşulanda taryha girdi. Mekdep bu çäräni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen bilelikde gurady.

Halkara laçynçylar assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň Milli laçynçylar jemgyýetiniň başlygy we ata kesbi laçynly aw etmek bolan Atadurdy Eýeberdiýew hem bu duşuşygyň myhmany boldy. Ol çagalaryňka myhmançylyga öz elguşy bilen geldi we olara asyrlardan bäri dowam edip gelýän laçynly aw etmek däpleri hem sungaty barada gürrüň berdi.

Heniz mekdep okuwçysyka, aw guşuny elinde göterip başlan Atadurdy Eýeberdiýewiň özi awçylyga ömrüniň kyrk ýylyny diýen ýaly bagyşlapdyr. Onuň aýtmagyna görä, laçyn bilen aw etmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Awçy eline galyň ellik geýýär-de, guşuny şonuň üstünde oturdýar, tazysyny hem ýanyna alyp, aw gözleginde alaňlary aşyp, onlarça kilometr ýol sökýär.

Duşuşykda mekdep okuwçylary diňe bir ussadyň hekaýalaryny diňlemek bilen çäklenmän, eýsem aw guşuny ellerinde saklap hem gördüler. Mundan başga-da, kitaphanaçy Leýla Annamyradowa çagalara laçynly awuň ajaýyp sahnalaryny görkezýän kitapdyr žurnallardan bu senediň özboluşly aýratynlyklaryny aýdyň görkezýän sergi taýýarlapdyr. Adatça, türkmenler awda balaban laçynlary ulanypdyrlar, sebäbi olar bu sebitde ýaşaýan beýleki laçyn görnüşlerinden has uly, şonuň üçin-de has rüstem.

Balabanlar sagatda 300 kilometre çenli tizlik bilen uçup bilýärler we olaryň iki gözi bilen-de görmesi awy on esse ulaltmaga mümkinçilik berýär, şunuň netijesinde bu ganatly ýyrtyjy awy iki-üç kilometr aralykdan anyklap bilýär.

Myhman, guşlary ösdürip ýetişdirmegiň berk düzgünleri we inçe syrlary barada jikme-jik gürrüň berdi. Höwürtgä ýetende, awçynyň iki esasy ýörelgä eýermegi hökmandyr: munuň üçin iň beýik gaýa çykmaly bolan hem bolsa, höwürtgede galan ýeke-täk jüýjäni almaly däldir, sebäbi bu ýagdaýda olaryň ata-eneleri boş höwürtgä asla gaýdyp gelmezler. Şeýle hem gyzyletene jüýjeleri almak gadagandyr – laçynjyk azyndan üç hepdelik bolmaly, per baglap, ganat ýaýyp uçmaga taýýarlanýan bolmaly. Şunda mäkiýan guşlar üstün tutulýar, sebäbi olar horazlaryndan has uly, penjeleri has ösen we günüň dowamynda has köp towşan tutup bilýärler.

Halk alamatlaryna görä, gowy aw laçynynyň çüňki ilgekli bolýar, dilindäki iki sany gara zolak bolsa onuň batyr we edermen guşdugyny görkezýär. Eýsem-de bolsa, jemgyýetde dowam edip gelýän däbe görä, her awçy ikiden köp laçyn saklamaly däldir.

Duşuşyk gyzykly geçdi. M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň öz dogduk topragyny we däp-dessurlaryny wasp edýän watançylyk aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri bolsa onuň bezegi boldy. Açyk sapak ýaş nesil üçin öz halkynyň taryhyna we medeniýetine göz ýetirmegine ýardam eden ylham beriji, möhüm waka boldy.