Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty III halkara maliýe olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty III halkara maliýe olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi

view-icon 88
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty III halkara maliýe olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen maliýe boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi.

Olimpiadada 11 ýurduň şol sanda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Omanyň we Pakistanyň 52 uniwersitetinden takmynan 200 zehinli talyp gatnaşdy.

Bäsleşik türkmen, iňlis we rus dillerinde şahsy ýaryşlar görnüşinde geçirildi. Oňa gatnaşanlara maliýe dersi boýunça 10 ýumuş we olary çözmek üçin 120 minut wagt berildi. Bäsdeşleriň netijeleri gazanan umumy bahalary boýunça kesgitlendi.

Eminligiň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girdiler.

Olimpiadanyň netijelerine görä, bu ders boýunça iň ökde talyplara 24 birinji, 41 ikinji we 56 üçünji bolmak bilen, 121 baýrak gowşuryldy.

Dokuz baýrakly orny: 3 birinji, 2 ikinji we 4 üçünji orunlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary eýelediler. Olaryň arasynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bar.

Bäsleşikde Russiýanyň, Belarusyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tapawutlanyp, köp sanly baýrakly orunlary eýelediler. Russiýanyň ilkinji Prezidenti B. N. Ýelsiniň adyny göterýän Ural federal uniwersitetiniň, Plehanow adyndaky Russiýa ykdysadyýet uniwersitetiniň, Moskwanyň energetika institutynyň, Belarusyň söwda we ykdysady sarp edijiler kooperatiw uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Daşkentdäki döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň, Daşkent döwlet hukuk uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriň talyplary-da bu ders boýunça ajaýyp taýýarlyklaryny görkezip, bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde pakistanly, azerbaýjanly, gyrgyzystanly we beýleki ýurtly talyplar hem baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Olimpiadanyň ýeňijileri birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Olimpiada talyplaryň dünýägaraýşyny we maliýe taýdan pikirlenişini ösdürmek, häzirki zaman ylmy we amaly meseleler boýunça netijeli dolandyryş we maliýe çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak, iň gowy tejribeleri ýaýratmak we maglumat alyşmak, şeýle hem sanly maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirildi.

Guramaçylar III halkara maliýe olimpiadasynyň ýeňijilerini gutladylar, işjeňlik görkezendikleri üçin, oňa gatnaşanlaryň ählisine hoşallyk bildirdiler, şeýle hem institutyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, talyplaryň hünär taýdan ösüşi we ylmy-barlag mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlydygyny nygtadylar.