Ï Rus we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary rus dili boýunça täze okuw kitabyny taýýarladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rus we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary rus dili boýunça täze okuw kitabyny taýýarladylar

view-icon 2
Rus we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary rus dili boýunça täze okuw kitabyny taýýarladylar

Russiýa Federasiýasynyň Orýol şäherinde ýerleşýän «Kartuş» neşirýaty tarapyndan ýokary okuw mekdepleri üçin «Häzirki zaman rus diliniň sintaksisi» at bilen täze okuw kitaby çap edildi.

Täze neşir Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetiniň rus we tatar filologiýasy kafedrasynyň mugallymlarynyň awtordaşlygynda taýýarlanyldy. Okuw kitabynyň awtorlary O.Gluhowa we J. Ilamanowa.

Bu neşir D.Azady adyndaky TMDDI bilen RF-niň NÇDMU-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň çäginde alnyp barylýan türkmen we rus hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň nobatdaky önjeýli netijesi boldy. Şeýle hem bilelikdäki okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy iki ýokary okuw mekdebiň 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmagyň maksatnamasy tarapyndan hem kesgitlenendir.

Kitap häzirki zaman rus diliniň sintaksisini özleşdirmek üçin zerur bolan nazary we amaly materiallary öz içine alýan okuw-usulyýet toplumy görnüşindedir. Onda nusgawy we häzirki zaman grammatiki nazaryýetler göz öňünde tutulyp, rus diliniň esasy sintaksis birliklerine – söz düzümlerinden başlap, çylşyrymly bitewi sintaksis toplumyna çenli yzygiderli garalyp geçilýär. Her babyň ahyrynda bilimleri berkitmek we öwrenmek üçin ýumuşlar toplumy ýerleşdirilendir. Olar mugallym bilen sapak wagtynda bolşy ýaly, şeýle hem talybyň özbaşdak işi hökmünde ulanylyp bilner.

Okuw kitabynyň aýratynlygy – dürli sintaksis hadysalary seljermek üçin material saýlap almagyň medeniýeti öwreniş ýörelgesi. Ýumuşlara diňe bir rus nusgawy edebiýatynyň (A.Puşkin, M.Lermontow, I.Turgenýew, L.Tolstoý, A.Çehow, A.Kuprin we başgalar) mysallary däl, eýsem rus diline terjime edilen türkmen awtorlarynyň (A.Gowşudow, O.Äkmämmedow, A.Durdyýew, H.Derýaýew, S.Annasähedow we başgalar) eserleri, şeýle hem Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň (Sagdy, Nasyr Hosrow, Sanai, Ibn Namin we başgalar) eserleri hem girizilendir. Tekstleriň şeýle saýlanylmagy okatmagyň her kime aýratynlykda gönükdirilmegini üpjün edýär we talyplarda dürli halklaryň medeni mirasyna aýawly çemeleşmek endigini terbiýeleýär.

Kitap filologiýa fakultetiniň talyplaryna, magistrantlara, aspirantlara, rus dili mugallymlaryna, şeýle hem rus dilini öwrenmek we okatmak meseleleri bilen gyzyklanýan ähli okyjylara niýetlenendir. Ol sintaksis boýunça bilimleri ulgamlaşdyrmaga we tekstiň sintaksis taýdan seljeriş başarnyklaryny kämilleşdirmäge kömek eder, şeýle hem gymmatly usulyýet çeşmesi bolup hyzmat eder.

Bilelikdäki kitabyň çapdan çykmagy türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky netijeli hem-de işjeň gatnaşyklaryň, şeýle hem iki dostlukly ýurduň özara bähbitli ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.