Ï Himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada başlandy

view-icon 535
Himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada başlandy
Himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada başlandy
Himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada başlandy
Himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada başlandy

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arsynda himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen paýtagtyndaky bu ähmiýetli we iri halkara çäre Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden hem-de Russiýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Özbegistanyň 50-ä golaý öňdebaryjy uniwersitetlerinden 250-den gowrak zehinli talyplary, şeýle hem olaryň ýolbaşçy mugallymlaryny bir ýere jemledi.

Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, himiýa ylmynyň ösdürilmeginde halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň wajypdygy nygtaldy. Çykyş edenler ähli talyplara üstünlik, öňde goýlan maksatlara ýetmegi we olimpiadada ajaýyp ýeňişleri arzuw etdiler.

Açylyş dabarasynyň dowamynda 2025-nji ýylda geçirilen himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň ýeňijileri – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, RF-niň Kazan (Wolga boýy) federal uniwersitetiniň, Eýranyň Ferdöwsi adyndaky Maşat uniwersitetiniň, HHR-niň Demirgazyk – Günbatar uniwersitetiniň we Özbegistanyň Buhara döwlet tehniki uniwersitetiniň talyplary aýratyn buýsanç bilen çykyş etdiler.

Dabara gatnaşyjylar ýokary derejeli şeýle çäreleri geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigine Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallyk bildirip, tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar. Daşary ýurtly talyplar mähirli garşylanandyklary we çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Halkara olimpiadanyň Aşgabatda geçirilmeginiň dostlugyň we doganlygyň ygtybarly köprüsi, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada 25 – 27-nji noýabr aralygynda dowam eder. Olimpiada halkara ülňülerine laýyklykda, himiýa ugry boýunça ýöriteleşýän talyplar we beýleki taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenen A we B derejelerde şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar organiki däl we fiziki himiýa, organiki we seljeriş himiýasy boýunça çylşyrymly nazary we amaly meseleleri çözmekde bäsleşerler. Olar himiýanyň dürli bölümleri boýunça test sowallaryny we ýazuw ýumuşlaryny hem çözmeli bolarlar.

Bäsleşigiň emin agzalary hökmünde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, alymlary we hünärmenleri çykyş edýärler.

Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar, medallar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Mundan başga-da, çärä gatnaşan ähli adamlara gyzykly we baý mazmunly medeni maksatnama garaşýar.

Her ýyl geçirilýän himiýa dersi boýunça halkara olimpiadasy ýaşlaryň ylma bolan höwesini höweslendirmäge we goldamaga, talyplaryň döredijilik pikirlenmesini ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Olimpiadanyň geçirilýän günlerinde ýokary okuw mekdepde «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň hem geçiriljekdigini bellemek gerek. Forumda Türkmenistanyň we dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, alymlar, ylmy-barlagçylar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Himiýa institutynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň we guramalarynyň hünärmenleri duşuşarlar.