Ï Öwez GÜNDOGDYÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýä we etnografiýa instituty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öwez GÜNDOGDYÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýä we etnografiýa instituty

view-icon 4899
Biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI müňýyllykda Türkmenistanyň gündogarynda gadymy ekerançylar mesgen tutupdyr. Bu medeniýet neolit döwrüne degişli bolup, (täze daş asyry) alymlara „Jeýtun“ medeniýeti ady bilen bellidir. Biziň eýýamymyzdan öňki V müň ýyllygyň ahyrynda ol Merkezi Aziýanyň ilatynyň medeniýetine uly täsirini ýetiren eneolit (mis-daş asyry) döwri bilen çalyşýar. Misden ýasalan gurallaryň peýda bolmagy adamzat jemgyýetiniň geljekgi ösüşi bilen bagly bolan täze –demir eýýamynyň başlangyjy barada aýan etdi.

Eneolit döwrüni ýurdumyzyň günortasyna öz aýratyn täsirini ýetiren mis döwri (b.e.öňki III-II müňýyllyklar) çalyşýar. Akademik W.M.Massonyň „Günorta Türkmenistanyň ekerançylyk jemgyýetiniň medeniýeti bürünç döwründe Orta Aziýa ekerançylarynyň gazanan ýokary üstünligidir“ diýen ýazgylary bar. Hut şol döwürlerde bu ýerde şäherçe görnüşli ýaşaýyş ýerler döräp başlady. Köpetdagyň eteklerinde olaryň ençemesi jemlenipdi. Olaryň arasynda arheologiýada belli bolan Altyn depe (46 ga), Ýylgynly depe (12 ga), Ulug depe (20ga), Artykdaky Gara depe (15 ga) we başgalar bar. Olaryň arasynda 70 gektar ýeri bolan Kaka etrabynyň 7 km günbatarynda ýerleşýän Namazga depe bu mesgenleriň iň irisi hasaplanýar.

Jeýtun medeniýetiniň dowam etdirijisi bolan bu ýadygärlik biziň eýýamymyzdan öňki V müň ýyllygyň ikinji ýarymynda kan bir uly bolmandyr we onuň ýerinde esasan çig kerpiçlerden örülen bir otagly öýler bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki III müň ýyllygynda Namazga depe birden ösüp-örňäp başlady. Namazga depede köp otagly jaýlar we köçeler gurlup başlandy. Öýler 10-12 otagly bolup, gap-gaçlar üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulypdyr. Öýlerde ojaklar ýerleşdirilipdir. Ojaklar häzirkizaman türkmen tamdyryny ýadyňa salýar.

I.B. Şişkiniňiň belleýşi ýaly biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrynda we II müňýyllygyň başynda Namazga depe gülläp ösüşiň ýokary derejesine ýetýär. Bu ýerde gadymy günorta şäher siwilizasiýasy emele gelýär. Bu ýerden tapylan iňňebagjyklary guýmaga niýetlenen daş galyplary we demir galyndylar Namazga depäniň önümçilik merkezine öwrülendigi barada şaýatlyk edýär.

Bürünç- adamzadyň oýlap tapan ilkinji birleşmesidir. Aslynda bürünç misiň we galaýynyň erginlerinden ýasalýar, ýöne Köpetdagyň eteklerinde galaýynyň bolmandygy üçin ýerli demirçi ussalar oňa derek gurşun we myşýak ulanypdyrlar.

Irki bürünç döwründe Namazga depede küýzegärlik senedi emele gelýär we ösen bürünç döwründe ähli gap-gaçlar ýasalýar. W.M. Masson „SSSR-iň haýsy-da bolsa başga ýerine garanyňda, Günorta Türkmenistanyň çäklerinde küýzegärlik senedi ir döredi“ diýip kesgitleýär. Bu döwrüň keramiki önümleri ýokary tehniki kämilligi we gutarnykly işlenilen görnüşleri bilen tapawutlanýarlar. Nagyşlar (meşhur haly gölleri) ýitip gidýär diýen ýaly, ýöne olar önümleriň deň ölçegli, gelşikli göni çyzykly nepis nagyşlary bilen ýerini dolýar. Namazga depäniň ýuka we forfora ýakyn küýzeleri we gaplary keramikaçylaryň ýokary derejedäki ussatlygyny aýdyň görkezýär. Bu döwrüň keramika önümlerine küýze gaplary, çäýnekler, epin şekilli aýaklyja güldanlar mahsusdyr.

Namazga depäniň ilaty ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Müňlerçe adamlary ekleýän meýdanlar ummasyz uly bolupdyr. Ençeme müňýyllyklaryň dowamynda adamlaryň bir ýerde ýaşamagy, ekin meýdanlary ulanmagyň aýratyn sistemasyny işläp düzülenligi, iki derýanyň arasynda ýerleşmegi bolsa olaryň suwarma işlerini geçirip, ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik döredenligi barada aýdyp biler. Bu ýerde bugdaý, arpa, çowdary, noýba we üzüm ýetişdirilipdir.

Maldarçylyk aw awlamagy tutuşlaýyn gysyp çykaryp, ilaty et, süýt we ýüň önümleri bilen üpjün etmekde ilkiji orny tutup başlady. Ýüňi gaýtadan işlemeklik dokmaçylyga itergi berdi. Namazga depäniň ýaşaýjylary öý haýwanlaryny işçi we çekiji güýç hökmünde ulanýardylar. Olara eýýäm arabalaryň iki görnüşi- agyr iki okly we bir okly ýeňil (bu arabalaryň palçykdan taýýarlanan görnüşleri diňe bir Namazga depede däl eýsem beýleki gadymy ilatly ýerlerde hem gabat geldi) arabalar tanyşdy.

Özleşdirilýän ekerançylyk ýerleriň azalmagy gurakçylyk döwrüniň gelmegi bilen düşündirilýär. Köpetdagyň etekleriniň suw çeşmeleriniň çäkli bolmagy ilaty ýurduň günbataryna we gündogara Murgabyň deltasyna göçmäge mejbur etdi. Göçüp gelenler bu ýerde beýik Marguş siwilizasiýasyny döretdiler.

Türkmenistanyň günortasynda ýadygärlikler boýunça arheologik gazuw – agtaryş işleri alnyp barylýar. Namazga depedäki geçiriljek işler Merkezi Aziýanyň günorta-günbatar ekerançylarynyň iri merkezi bolan „paýtagt şäheri“ baradaky düşünjeleri has giňeltmäge ýardam berer.