Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň ýaş mugallymy hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy mugallymy – 2025» halkara bäsleşiginde ynamly ýeňiş gazandy.
Bäsleşigiň ýanwaryň başynda tamamlanan jemleýji onlaýn-tapgyrynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýaş mugallymynyň mugallymçylyk işi we gazananlary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
N.Gurdow bäsleşikde gazanan ýeňşi netijesinde 2025-nji ýylda GDA-nyň iň gowy mugallymlarynyň hataryna girdi hem-de döşe dakylýan nyşan we I derejeli diplom bilen sylaglandy.
Nowruzälem Gurdowyň özi gazanan üstünligi barada şeýle diýdi: «Halkara bäsleşigine gatnaşyp, men ýurdumyzda ýaş mugallymlara bildirilýän belent ynama abraý bilen hötde gelmek üçin örän uly jogapkärçilik duýdum. Şoňa görä-de, bu bäsleşikde ýeňiş gazanmak meniň üçin hakyky bagt bolup, hünärim boýunça alyp barýan işimde maksatlarymy we başlangyçlarymy berkitdi».
«Bilim» respublikan bilim merkezi tarapyndan «Dobro» Halkara haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde guralan bäsleşik Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda bilim ulgamynyň zehinli işgärlerini ýüze çykarmaga hem-de olaryň hünär ussatlygyna baha bermäge gönükdirildi.