Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň üçünji sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň üçünji sany çapdan çykdy

view-icon 1220
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly her çärýekde çykýan ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy.

Onuň sahypalarynda ýylyň esasy syýasy wakalarynyň birine – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna we sentýabrda Nýu-Ýorka bolan saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara esasy orun berildi, şonda türkmen Lideri täze halkara başlangyçlarynyň toplumyny öňe sürdi.


Türkmen döwletiniň Baştutany ýokary derejedäki bütindünýä forumynyň mejlisinde çykyş etmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge Bitarap Türkmenistanyň çemeleşmesini beýan etdi we öň aýdylyp geçilişi ýaly, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi.

Syýasy ýagdaýlar, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa we gumanitar meseleler ýaly giň möçberli ösüşiň binýatlyk ugurlaryny gurşap alýan bu başlangyçlar Milletler Billeleşiginde uly seslenme döredip, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ähli adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine we BMG tarapyndan jar edilen Müňýyllygyň giň möçberli Maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge türkmen tarapynyň taýýardygynyň nobatdaky tassyklanmasy boldy.

Türkmenistanyň giň halkara gatnaşyklary üçin açyk bolan daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş seketary Pan Gi Mun tararyndan ýokary baha mynasyp boldy, Türkmenistan parahatçylygy üpjün ediji ýurduň abraýyny özünde pugta berkitdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Nýu-Ýorkda bolan duşuşyk mahaly bu iri halkara guramasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, BMG Türkmenistany häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge başlangyçlar bilen, oýlanyşykly çemeleşmegi görkezýän möhüm hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görýär.

BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatda işleýän sebit merkezi, Merkezi Aziýanyň we Hazar basseýniniň ýurtlarynda ýaragsyzlanmak babatda başlangyçlary durmuşa geçirmek, goňşy Owganystanyň parahatçylykly ösüşi we durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmek, şeýle hem giň möçberli energetika howpsuzlygyny, dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça türkmen tarapynyň edýän tagallalary munuň aýdyň mysallarydyr.

Şol günler bolan duşuşygyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žoze Manuel Barroza, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän progressiw daşary syýasat ugruny goldaýandygyny beýan etdi. Parahatçylygy we giň möçberli howpsuzlygy üpjün etjek umumy maksatlaryň we wezipeleriň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň oňyn özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak geçirilen söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.

Türkmenistanyň diplomatik gulluklary üçin işgärleri -- dünýä derejesinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjek halkara meselelerini öwrenýän hünärmenleri taýýarlamagyň bir bitewi ulgamyny döretmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň başlpangyjy boýunça döredilen Türkmenistanyň Daşary işler minist rliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze binasynyň açylmagy sentýabryň ähmiýetli wakalarynyň ýene-de biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanyň özüniň içerki ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar, ylmy-tehnologik, informasion proseslere giňden we işjeň gatnaşmagyň bähbidine strategiki ugry saýlap alandygyny ynamly aýtmak bolar diýip nygtady. Munuň özi ýurdy häzirki zamanyň global maksatlarynyň ösüşine we talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde esasy şert bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň daşary syýasatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny häsiýetlendirip, “Redaksion sahypa” atly rubrika bilen ýerleşdirilen makalada halkara meselelerini çözmekde syýasy-diplomatik serişdeleriň ileri tutulmagy baradaky onuň öňe süren teklibi, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlaryndaky başlangyçlaryň ählisi ýurduň daşary syýasatynda parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň filosofiýasyny şekillendirmek bilen, sebitde we onuň çäklerinden daşarda döwletara gatnaşyklarynyň häsiýetine we mazmunyna oňyn täsir edýär, köptaraplaýyn bähbitleriň deňagramlylyk we dürli dünýä garaýyşlaryň biri-birine laýyk gelmek ýaly ýörelgelerine esaslanýan bilelikdäki tagallalaryň gözlegine hakyky binýat döredýär diýip belläp geçýär. Daşary işler ministrligi biziň ýurdumyzyň halkara arenasyndaky strategiýasy ösüşiň ilkinji derejeli wezipelerini ýerine ýetirmekde türkmen halkynyň özboluşly taryhy ýoluny we daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryň häzirki zaman çemeleşmeleri baradaky düşünjeleri öz içinde utgaşdyrýar, yzygiderlilik we täzeçillik Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň kesgitleýji taraplary bolup çykyş edýär diýip, aýratyn nygtap geçýär.

Türkmenistanyň BMG-niň /Nýu-Ýork/ ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa öz makalasynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň köp ýylylk üstünlikli hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň esasy tapgyrlary barada gürrüň berýär. “BMG bilen ýigrimi ýyllyk hyzmatdaşlygy seljermek bilen, döwletimiziň onuň işjeň agzasy, mynasyp hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolandygyny bellemek bolar” diýip, awtor öz makalasyny jemleýär.

Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji tejribesine dünýä bileleşigi tarapyndan isleg bildirilýär diýip, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Miroslaw Ýença hem hasaplaýar, onuň interwýusy žurnalyň şu sanynda çap edildi. Diplomat Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hökümetleri bilen oňyn özara gatnaşyklary edýän Merkeziň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berip, Türkmenistanyň hemişelik goldaw berýändigini belledi, ol sebitleýin meseleleri düzgünleşdirmek üçin öz bitaraplyk derejesini netijeli peýdalanýar. Men ýurdy ösdürmegiň uly özgertmelerini we meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn diýip, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany nygtamak bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna we türkmen halkyna Türkmensitanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

“Ilçiniň sahypasy” rubrikasy bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda işleýän, özleriniň jogapkärli wezipesini ýerine ýetirmäge şu ýylyň ortasynda girişen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň çykyşlary ýerleşdiridi. Daşary ýurtly diplomatlar Siýao Sinhua, Aleksandr Blohin we Robert Patterson öz ýurtlarynyň Türkmenistany tüýs ýürekden dost, ygtybarly hem-de wepaly hyzmatdaş yurt hökmünde görýändiklerini nygtadylar, Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň baý taryhy, şöhratly şu güni we geljegi uly ertiri bar.

Daşary ýurtly hünärmenleriň, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet geňeşiniň ýanyndaky Ýewropa we Aziýa sebitinde jemgyýetçilik ösüşini öwrenmek boýunça institutyň direktory Li Fenliniň Hytaýyň energetika strategiýasyna we halkara hyzmatdaşlygyna ýörite makalany bagyşlan çykyşy hem gürrüňsiz suratda okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Dünýäniň ykdysady ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdeleri üçin strategiki bolan bu halkara energetika diplomatiýasyny we iň oňat dünýä tejribesini çuňňur, düýpli öwrenmegiň zerurdygyny nazara almak bilen bu mesele gürrüňsiz suratda örän möhümdir. Parahatçylyk we durnuklylyk—munuň özi halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin serişdeleri hakyky baýlyga öwürmegiň esasy şertidir diýip awtor tassyklamak bilen, önüm iberiji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň arasyndaky durnukly we özara peýdaly gatnaşyklar dünýäniň uzak möhletli we durnukly energetika hyzmatdaşlygynyň girewi bolup durýandygy barada türkmen Lideriniň pikiri bilen doly razylaşýar.

Mälim bolşy ýaly, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly özara hormat goýmak gatnaşyklaryny, esasy halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan daşary syýasy ugruň esasy maksatlary bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň ylmy işgäri T.Mämmedalyýewa öz makalasynda nygtaýar. Möhüm halkara konwensiýalarynyň birnäçesini tassyklamak boýunça Türkmenistanyň geçirýän çäreleri Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydygynyň aýdyň tassyklamasy bolup durýar. Awtoryň belleýşi ýaly, möhüm resminamalara, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň maddy däl medeni mirasy goramak baradaky konwensiýasyna we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Apatridleriň derejesi hakyndaky konwensiýasyna goşulmak bu konwensiýalarda gozgalýan ugurlarda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de üsütnlikli dowam etmek bilen bir hatarda, eýsem, bu meseleleri halkara derejesinde çözmäge ýardam eder, munuň özi öz nobatynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgäri, ykdysady ylymlaryň kandidaty A.Nazarow öz makalasyny Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugruna – ykdysady diplomatiýa bagyşlady. Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen netijeli söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň dünýäniň ykdysady düzümine işjeň goşulyşmagy uzak möhletli geoykdysady strategiýanyň ileri tutulýan esasyny düzýär, ykdysady özgertmeleri toplumlaýyn we köptaraply häsiýetde amala aşyrmaga ýardam edýär diýip, alym belläp geçýär.

Halkara medeni hyzmatdaşlygy hem durnukly parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Soňky ýyllarda halkara gatnaşyklarynyň iş tejribesinde işjeň ösýän medeni hyzmatdaşlyk ugry halklary ýakynlaşdyrmaga, dostlugy we parahatçylygy pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär diýip kanuny ýagdaýda hasaplaýan ýaş alym – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylym bölüminiň hünärmeni Ş.Hudaýberdiýewanyň garaýşy şundan ybaratdyr.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri bilen geçirilen köp sanly syýasy maslahatlaşmalar we gepleşikler ählumumy bähbitler üçin oňyn halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirmegiň çynlakaý subutnamasy bolup durýar. “Diplomatiki durmuşyň senenamasy” atly däp bolan rubrika şu ýylyň üçünji çärýeginde Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara bagyşlandy.

Žurnalyň şu sanynyň mazmunyna gysgaça syn bermegi jemlemek bilen, “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň sahypalarynda gozgalýan möhüm meseleleriň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, ondan daşarda hem köp sanly okyjylaryň arasynda täze neşire uly meşhurlyk getirendigini belläp geçmeli. Žurnal türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny düşündirmek bilen, täze Galkynyş eýýamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňünde durýan belent maksatlara oňat düşünmäge ýardam edip, öz esasy wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýär.