Hytaý dilini okadýan türkmen mugallymlary öz hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen ýylda Hytaýda kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. Türkmenistandan, şeýle-de Russiýadan, Belarus döwletinden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gruziýadan, Moldowadan birnäçe wekiller nobatdaky bilim saparynda boldular. Kämilleşdiriş okuwlaryň dowamynda olar Pekinde we Hytaý Halk Respublikasynyň käbir welaýatlarynda hem boldular.
Ýörite okuwlar häzirkizaman hytaý gepleşik dilini öwretmegiň usulyýeti bilen tanyşmaklyga gönükdirilip, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we önümçilikde daşary ýurt dillerini , esasan hem hytaý diliniň zerur bolan döwlet düzümleriniň hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen gurnaldy.
Türkmenitandan bu bilim maksatnamasyna D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Gülälek Baýramowa gatnaşdy. Ýaş mugallym Hytaýda üçünji gezek bu ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşyp, öz hünär derejesini ýokarlandyrýar.
Pekiniň hytaý dili halkara institutynda geçirilen okuwlary diýseň netijeli boldy. Bu okuw maksatnamasy hytaý dili sapaklaryny we dürli hünär ugurlary boýunça leksiýalary öz içine aldy. Hytaý dili boýunça tejribesi bolan Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri üçin sapaklar ýokary derejede gurnaldy. Üç aýlyk kämilleşdiriş okuwlary - Hytaýyň iki - Şandun we Ýun Nan welaýatlaryna saparyny, Kunmin şäheriniň Mugallymçylyk institutynyň baý tejribesi we bilim bermek ulgamy bilen hem-de taryhy, medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlygy öz içinde aldy.
Kämilleşdiriş okuwlaryň netijesi esasynda gatnaşyjylara diplom-sertifikatlar we ýöriteleşdirilen edebiýatlar gowşuryldy. Bu ýöriteleşdirilen edebiýatlar D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hytaý dilini öwrenmek üçin enjamlaşdyrylan okuw otaglary üçin ýerlikli boldy. Bu okuw otagy birnäçe ýyl mundan ozal Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda döredildi we kitaphana gaznasy täze okuw kitaplary, talyplar we mugallymlar üçin usuly gollanmalary, şol sanda olaryň elektron görnüşleri bilen ilçihananyň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli doldurylýar.
Hytaý dili hünäri ýokary okuw mekdebiň meýilnamasyna 1994-nji ýylda girizildi we 2004-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň işjeňlenmegi netijesinde hytaý diline bolan üns has ýokarlandy.
Urumçi şäheriniň Mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmeni Siao Guý Çun D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň halypasy hökmünde eýýäm iki ýylyň dowamynda işläp gelýär. Edil şonuň ýaly hem Mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri, maşgala bolup gelen Rui we Dinhuan Li hem ýurdumyzyň belli ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryna hytaý dilini öwredýärler. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tapawutlanan diplom bilen tamamlan ýaş hünärmen Abadan Saryýewa hem şu okuw ýylynda olar bilen birlikde talyplary okadýar.
„Hytaý dili“ hünäri uniwersitetiň meýilnamasyna 2008-2009-njy okuw ýyllarda girizilip, hünär taýýarlygyň ýene bir ugruny köpeltdi. Geçen ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili bölüminiň ilkinji talyplaryna geljekgi hünäriniň esaslaryny öwrenmek üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebine ýörite edebiýatlary, dürli okuw we gepleşik kitaplaryny, sözlükleri sowgat etdi. Bu kitaplara diňe bir hytaý dili bölüminiň mugallymlarynda we talyplarynda däl , eýsem ýokary okuw bilim ulgamynyň beýleki ugurlarynyň wekilleriniň arasynda hem uly isleg bildirilýär.
Döwletara we edaralaryň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde ileri tutulýan ugurlar bolan nebit we gaz, lukmançylyk we syýahatçylyk, binagärlik we gurluşyk, himiki inženeriýa we maşyngurluşyk, kompýuter tehnologiýasy we elektronika, maliýe, ykdysadyýet we başda-da ençeme möhüm ugurlar boýunça bilim almak maksady bilen türkmen ýaşlary her ýyl Hytaý Halk Respublikasyna okuwa ugradylýar.
Soňky ýyllarda döwlet saparlaryň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň düzümine ilki bilen ýokary okuw mekdepleriniň dil ugrunda işleýän mugallymlaryndan we okaýan talyplaryndan düzülen toparlaryň girizilmegi, olaryň öz bilimlerini artdyryp , hünär derejeleriniň kämilleşdirmekligi üçin gowy mümkinçilik boldy.