Ï Alymlaryň işlerini durmuşa ornaşdyrmak …
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlaryň işlerini durmuşa ornaşdyrmak …

view-icon 1222
Türkmen seleksionerleri ir ýetişýän, ýokary hasyllylygy bolan, zyýankeşlere we kesellere durnukly ekinleriň täze sortlaryny işläp taýýarlaýarlar we tejribede durmuşa geçirýärler.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň pagtaçylyk ylmy barlag institutynyň alymlary garaşsyzlyk ýyllary içinde onlarça sortlary ösdürip ýetişdirdiler we olary önümçilige ornaşdyrdylar. Şu günki günde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň köp böleginde „Ýolöten-7“ , „Ýolöten-19“, Daşoguz-120“ sortlary ekilýär. Ýurdumyzda orta süýmli gowaçanyň ekilýän meýdanlarynyň deň ýarysynda, özüniň ýokary hasyllylygy, ir ýetişýänligi we dürli howa şertlerine uýgunlaşmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýan „Ýolöten-7“ sorty ekilýär. Inçe süýmli gowaçanyň sortlarynyň arasynda gymmatly oba hojalyk häsiýetlerini özünde jemleýän „Ýolöten-14“ sorty has meşhurdyr. Şonuň ýaly hem 9871-I, «Ýolöten-32» sortlary hem ekilýär. Üstesine-de «Ýolöten-32» sorty diňe ýokary hassyllygy bilen we dünýä ülňülerine gabat gelýän süýmüniň tehnologiki häsiýeti bilen tapawutlanman, eýsem bu sort ýapragynyň ir düşmegi bilen hem tapawutlanýar. Bu bolsa ykdysady we ekologiki taýdan hem bähbitlidir. Bu aýratynlyklary göz öňünde tutup, sortuň tohumlaryny öndürmek üçin ýöriteleşdirilen saýlantgy tohumçylyk hojalygy açyldy.

Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda önümçilik tejribesini üstünlikli geçen „Ýolöten-3“ güýzlük bugdaýynyň sorty hem önümçilige girizildi. 2012 ýylda bu sorty ýurdumyzyň köp meýdanlarynda ekmeklik göz öňünde tutulýar. Bu sort ýokary hasyllylygy, dänesiniň hili, kesellere we ýykylma durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Hemme oba hojalyk işleri wagtynda we talabalaýyk geçirilende „Ýolöten-3“ 70-80 s/ga çenli hasyl berip biler. Şu ýylda hojalyklarda tejribe geçirilýän orta süýmli gowaçanyň täze «Ýolöten-39» sortunyň hem gelejegi gowy. Bu sort çalt ýetişip, köp hasyl berip bilýär. Şonuň bilen birlikde howa şertlerine we topragyň dürli ýagdaýlaryna uýgunlaşmaga ukyply.

Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ösüşi gönüden –göni tohumçylyk we seleksiýa ugurlaryndaky ylmy barlaglary bilen baglanyşykly. 2010-njy ýylda Türkmenistanda kabul edilen „“Tohumçylyk hakynda“ Kanunda tohumlary taýýarlamak, öndürmek, gaýtadan işlemek, saklamak , ýerleşdirmek hem-de oba hojalyk ösümlikleriň tohumçylygy babatynda kanuny esaslar kesgitlendi. 2011-nji ýylyň awgustynda „Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Täze Kanun seleksiýanyň gazananlary babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitläp, seleksioneriň aýratyn hukugyny, awtorlygyny tassyklaýar. Bu bolsa alymlaryň işe bolan höwesini has artdyryp, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ösümlikleriň täze ýokary hasylly sortlaryny döretmäge oňyn şert döreder.