Ï Bahaweddin Nagyşbendiniň ruhy mirasy – alymlaryň nobatdaky maslahatynyň meselesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahaweddin Nagyşbendiniň ruhy mirasy – alymlaryň nobatdaky maslahatynyň meselesi

view-icon 4115
Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda “Bahaweddin Nagyşbendi we sopuçylyk edebiýaty” atly halkara ylmy maslahat açyldy. Bu maslahat ХIV asyr Merkezi Aziýa sopuçylygynyň görnükli wekili we ajaýyp akyldar Bahawetdin Nagyşbendiniň durmuş ýoluna we filosofiýasyna bagyşlanýar.

Dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenlerini jemlän weiklçilikli maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de öz syýasatynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gaýtadan dikeltmäge, öwrenmäge we giňden wagyz etmäge ägirt uly üns berýän döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda geçirilýär.

Milletiň Lideriniň tabşyrmagy boýunça şu maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy gurady. Oňa gatnaşmak üçin ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Gollandiýadan, Gresiýadan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Türkiýeden, Ispaniýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Marokkadan, Täze Zelandiýadan, Siriýadan, Bolgariýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Ukrainadan taryhçylar-Gündogary öwrenijiler, dini we medeniýeti öwrenijiler, dilçiler we edebiýaty öwrenijiler, şeýle hem ylym we medeniýet işgärleri geldiler.

Ylmy maslahat paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde dabaraly ýagdaýda açyldy. Oňa hökümet agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, din wekilleri, akademiki institutlaryň ylmy işgärleri, gumanitar ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent owazy maslahatyň dabaraly böleginiň açylandygyny habar berýär. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny üns bilen diňleýärler. Milletiň Lideri maslahata gatnaşyjylary onuň işiniň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, maslahatdaky ylmy çykyşlaryň Bahaweddin Nagyşbendiniň esaslandyran sopuçylyk taglymatyny ylmy taýdan öwrenmekde, onuň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň dünýä medeni ösüşine goşandyny we türkmen nusgawy edebiýatynyň has kämilleşmegindäki hyzmatyny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen kabul edildi.

Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar umumy mejlisde edilen çykyşlary uly üns bilen diňlediler. Çykyş edenleriň arasynda amerikaly alym Alan Godlas, hytaýly filolog Minawaer Aibibula, özbek etnografy Mamatkuly Joraýew, ukrainaly alym Ismed Zaatow, türkiýeli hünärmen Ýaşar Aýdinli Çaýkara bar.

Milletiň ykdysady we ruhy taýdan ösmegi üçin täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ägirt uly ähmiýete eýedigi baradaky pikir çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler we giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym ulgamynda gatnaşyklar syýasatynyň çuňlugyny we giň möçberlidigini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda Nagyşbendiniň durmuşynyň we işiniň dürli meselelerini gozgap, onuň filosofiki garaýyşlaryna, sopuçylygyň öňki nesilleri bilen arabaglanyşygyna hem-de onuň sopularyň “Nagyşbendiýe” diýlip atlandyrylan birleşigine giren köp sanly adamlara eden täsirine aýratyn üns berdiler. Hususan-da, Nagyşbendi diýen adyň iki düşündirişiniň bardygy bellenildi: käbir çeşmelere görä, bu at onuň kakasynyň meşgul bolan senediniň adyndan gelip çykýar. Onuň kakasy nagyşlar tikilen matalary taýýarlan tikinçi we nagyş basyjy bolupdyr. Ýöne beýleki çeşmelere görä, onuň ady Allanyň adyny hemişe ýatlamak barada özüniň ýola goýýan tejribesinden gelip çykýar.

Çykyş edenler sopuçylygyň iki mekdebiniň--Hoja Ahmet Ýasawynyň we Abdulhalyk al-Gidjuwaninyň mekdeplerinyň düzgünlerini birleşdiren Bahaweddin Nagyşbendiniň taglymatynyň ХV asyrda sopuçylyk jemgyýetleriniň beýleki ugurlarynyň arasynda esasy orny eýeledi we bütin musulman dünýäsine özüniň täsirini ýaýratdy diýip aýtdylar. Olaryň belleýişleri ýaly, bu taglymatyň esasyny goýujy iki gezek Mekgä haja barypdyr, şeýle hem özüniň işine gyzyklanma bildiren ýurduň hökümdary bilen duşuşmak üçin Hyrada barypdyr. Şeýle hem Nagyşbendiniň häzirki Kakanyň golaýynda ýerleşen Kuffen rabatynda aýak çekendigi mälimdir. Şol ýerde oňa uly hormat-sarpa goýlupdyr we ýokary derejede kabul edilipdir.

Günüň ikinji ýarymynda bu baradaky gürrüň maslahatyň üç sany ylmy bölümleriniň işiniň barşynda dowam etdirildi. Olarda gyzykly çykyşlaryň we habarlaryň birnäçesi diňlenildi.

Myhmanlaryň ýurdumyzyň paýtagtynda bolmagynyň medeni maksatnamasyna Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň muzeýine, Buzly köşge, Saglyk ýoluna we “Ylham” seýilgähine baryp görmek ýaly çäreler girizildi.

Ertir “Bahaweddin Nagyşbendi we sopuçylyk edebiýaty” atly halkara ylmy maslahat öz işini dowam eder.