Ï Badhyz döwlet goraghanasy 70 ýaşady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Badhyz döwlet goraghanasy 70 ýaşady

view-icon 6971
Ajaýyp landşaftlary we tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak maksady bilen 70 ýyl mundan öň döredilen Badhyz goraghanasy özüniň duzly kölleri,çemenlikleri, kert gyrlary we täsin duýgur keýikleri bilen bellidir. Goraghana 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda gulanlaryň sanyny köpeltmek, şeýle-de iri pisse tokaýlyklaryny goramaklyk maksady bilen döredildi. Goraghananyň umumy meýdany 140 müň gektar bolup, onuň düzümine özara baglanyşygy bolmadyk we biri – birinden daş aralykda ýerleşen üç sany zakaznik girýär.


Goraghananyň ösümlik dünýäsi baýlygy we köpdürliligi bilen tapawutlanyp, ösümlikleriň 900 görnüşini özünde jemleýär. Olaryň içinde 53-si örän seýrek görnüşler bolup, Türkmenistandan başga hiç ýerde gabat gelmeýär. Goraghanadaky pisse tokaýlyklary aýratyn gyzyklanma döredýär.

Badhyz goraghanasynyň tebigy aýratynlyklaryna meňzeş tebigat Ýewraziýa kontinentinde gabat gelmeýär. Bu ýerde ýaşaýan oňurgasyzlaryň 180 görnüşi endemikidir. Goraghana ýurt boýunça umumy goralýan görnüşleriň 30göterimden gowrak görnüşiniň mesgenidir. Olar balykçy gyrgy, ak durna, keýik, togdary, garagulak, gulan, alajagaplaň we ençeme beýleki haýwanlardyr. Alajagaplaň bilen gulan „Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň“ Gyzyl kitabyna girizilendir.

Goraghanada guşlaryň 255 görnüşi hasaba alnyp, şolaryň 115-si höwürtgeleýän, galany bolsa uçup geçýän guşlardyr. Seýrek gabat gelýän we köpçülikleýin ýitýan görnüşler bolan garaguş, gara gajar , mazar garaguşy, ütelgi, bezbeltek, togdary, alajagaplaň we gulan „Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň“ sanawyna girizildi. Süýdemdirijileriň 40-dan artyk görnüşi bar. ýabany toýnaklylarynyň, esasan hem gulan, keýik, dag goçy ýaly görnüşleriň saklanyp galmagynda Badhyz goraghanasynyň orny uludyr. „Ýelleriň mekany“ diýip atlandyrylýan Badhyz goraghanasyny alajagaplaň, türkmen garagulagy bezeýärler.


Goraghananyň meýdany ajaýyp we gözel tebigat landşaftlary öz içine alýar. Badhyz ýaz aýlarynda gülli halyny ýatladýan pisse tokaýlygy, çöllük sähralygy, akymsyz çöketlikleri, ýapgyt gerişli baýyrlary, şor kölüň kenaryndaky seleňläp duran depeleri we hereket etmeýän patlawuklary bilen tapawutlanýar. Bularyň ählisi dünýäniň hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan ajaýyp tebigy umumylygy özünde jemleýänligi bilen häsiýetlendirilýär.

Badhyzyň günorta böleginde akymsyz çöketlikde 500 metr çuňlugy, meýdany 1,6 müň ga barabar bolan guraýan Ýeroýlanduz köli ýerleşýär. Çöketligiň günorta gyrasynda patlawuklaryň galyndylarynyň bölekleri we Ýeroýlanduzuň we goraghananyň hemme meýdanynyň gündogaryny 18 km uzaklygy bolan Gyzyljar çuň tektoniki jaýrygy tutýar. Kert gaýalar we uçutlar Badhyz goraghanasynyň demirgazyk serhediniň wezipesini ýerine ýetirýär.

Ýurtduň aýratyn goralýan tebigy ýerleri, şol sanda Badhyz goraghanasy, tebigaty goramakda, onuň biologiki we landşaft köpdürliligini durnukly peýdalanmakda we ösdürmekde esasy orny tutýar. Umuman alanymyzda, Türkmenistanyň çäginde 8 sany goraghana, 14 zakaznik we 17 sany tebigy ýadygärlikleri bar.