Ï “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 1208
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň geçen ýyldaky dördünji sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bürünç-demir eýýamlary we türkmeniň maddy – ruhy mirasy”, “Bahaweddin Nagyşbendi we sopuçylyk edebiýaty” atly Aşgabatda bolan ylmy maslahatlara gatnaşyjylara gutlaglary bilen açylýar.

Žurnalyň däp bolan “Ylmy we medeni durmuş habarlary” atly bölümi döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Mary welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň dabaraly açylan gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň okyjylara ilkinji gezek hödürlenilen “Janly rowaýat” we “Älem içre at gezer” atly täze kitaplaryna synlardan ybaratdyr.


BMG-niň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini jar eden gününiň 16 ýyllygyna bagyşlanylan “Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy mukaddes Garaşsyzlygymyzy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň ygtybarly esasydyr” atly makalasy “Umumy we ylmy meseleler” bölüminde ýerleşdirildi. Şol makalada Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyny artdyran daşary syýasat ugry we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlary teswirlenilýär.

Deli uniwersitetiniň professory R.Ahmad Marguşyň maddy-ruhy medeniýeti we gazylyp tapylan ýazuw ýadygärlikleriniň syýasy taýdan dikeldilişi barada ýazýar. Onuň meşhur arheolog Wiktor Sarianidiniň Murgap derýasynyň gadymy akym ugrunda açan görnükli açyşlaryna esaslanan makalasy “Täze açyşlar we işläp düzmeler” atly bölümi açýar. Hindi alymy Margiananyň döwlet gurluşy we gadymy ilatynyň pelsepesi baradaky esasy düşünjeleri giňeltmäge çalyşandygyny nygtaýar.

Bu bölümde okyjylar azerbaýjan barlagçysy W.Samedowyň “Şeddadylar azerbaýjan döwletiniň beýik seljuklar bilen XI asyryň ikinji ýarymyndaky syýasy gatnaşyklary” atly makalasy bilen tanşyp bilerler. Tatar döwlet gumanitar – mugallymçylyk uniwersitetiniň professory A.Burhanowyň makalasy hem Lebap welaýatynyň taryhy-arheologiki ýadygärliklerini öwrenmegiň mümkinçilikleriniň käbir jemlerine bagyşlandy, awtor şol ýerde köp ýyllaryň dowamynda arheolog bolup işledi.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde XVI asyr türkmen edebiýatçysy Patşa hojanyň didaktiki “Gülzar” eseri hakyndaky makala ýerleşdirildi. Bu makalada ilkinji gezek Aşgabatda 2004-nji ýylda golýazma asyl nusgasy boýunça çap edilen we giňden mälim bolmadyk bu edebi ýadygärligiň mazmunyna, gurluşyna we çeperçilik taýdan özboluşlylygyna garalyp geçilýär.

Upsala uniwersitetinden amerikan hünärmeni J.Eýl Kit öz makalasyny gadymdan gözbaş alýan türkmen atçylyk sungatyna bagyşlapdyr. Ol çapylýan ahalteke tohumyndaky atlaryň tohumçylygynda halk däpleri we Türkmenistanda häzirki zaman atçylyk sportunyň ösüşi hakynda ýazýar.

Özbek taryhçysy Ş.Kamoliddiniň “Horezmlileriň gelip çykyşy barada” diýen makalasy bu bölümi tamamlaýar. Ol Biruny hakyndaky maglumatlara esaslanyp, ýerli türkiler bilen goşulyşan, Eýrandan pars dilli göçüp gelenleriň olaryň etnogezine gatnaşmagyny görkezýär. Munuň özi arheologik, dil we toponimik materiallarda tassyklanylýar.

Emele gelen däbe görä, “Miras” žurnalynyň ahyrynda geçen ýylyň oktýabr–dekabr aýlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyna degişli wakalara syn berilýär.