Ï ÝNS BERIŇ! Obýektiwde - Alajagaplaň
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝNS BERIŇ! Obýektiwde - Alajagaplaň

view-icon 1983
Köpetdagda alajagaplaňlaryň sanynyň köpelmegi olary gorap saklamaga salynýan howpy aradan aýyrdy. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan «Köpetdagda alagagaplaňy gorap saklamak» WWF taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýagdaýyny öwrenýän dürli gaznalaryň bilermenleri şeýle netijä geldiler. Bu işde alajagaplaňyň gezýän ýeriniň ýaýrawynda haýwanat dünýäsiniň goralmagyny üpjün edýän, şeýle hem seýrek duş gelýän bu ýyrtyjynyň ýaşamagyna şert döredýän Köpetdag goraghanasynyň işgärleriniň hyzmaty ulydyr.


... Güýçli we ösen muskully, uzyn ýiti dişli iri pişik «fotoduzaga» örän golaý geldi hem-de ony dykgat bilen ysgady. Surata düşürýän enjamyň eýesiniň ýüregi doňup galdy – alajagaplaňyň dyrnakly penjesiniň bir urgysy tebigy şertlerde haýwanlary surata düşürmäge niýetlenen gymmat bahaly enjamdan hiç zat goýjak däldi. Biziň bagtymyza ene alajagaplaňyň daşyny ýaş erkek alajagaplaňlaryň gurşap almagy gutyjygyň şyrkylysyndan onuň ünsüni sowdy. Sebäbi alajagaplaňyň çagalarynyň ählisi bu ýerde iýmit hökmünde ýatan owlajygyň läşiniň özüne çekýän ysy zerarly oňa işdämen topulmak bilen boldylar.

Ahyr soňy, şübheli abzaly öz ygtyýaryna goýmak bilen, ol öz ünsüni bu ýerde hysyrdaşyp ýören çagalaryna berdi. Bu sapar ýaýraw şahaly arçanyň aşagyndaky aýlanyşyp ýören alajagaplaň çagalarynyň ählisini: onuň uly ýaşly çagalarynyň üçüsini- üç sany ýaş erkek alajagaplaňy hem-de ýene-de dört sany çaga alajagaplaňlary päsgelçiliksiz surata düşürmek başartdy. Bu ýere iýmitlenmek üçin samyr, tilki, ýalman ýaly ownuk haýwanlar hem geldiler. Ýöne bu ýerde özboluşly guralan et iýmek dabarasyndan soň olara bir zatlar galdymyka beri...


Alajagapalaňlar (gadymda olar barslar diýlip atlandyrylypdyr) bilen duşuşyk ýeri hökmünde Duşak (Erekdag) daglarynyň eňňitleriniň biri – örän seýrek gabat gelýän ýyrtyjynyň öňki duş gelýän çäkleri saýlanyp alyndy. Elbetde, surata alýan enjamyň öňünde birbada ýaş haýwanlaryň şeýle mukdarda ýygnanmagyna hiç kim garaşmandy. Alajagaplaňlaryň sany hemme ýerde az. Şonuň üçin hem olar Halkara gyzyl kitabyna girizildi. 1990-njy ýylyň başlaryna onuň esasy iýmitlenýän haýwanlary bolan dag goçlarynyň, dag tekeleriniň, dag geçileriniň we ýekegapanlaryň ýaýrawlarynyň azalmagynyň yzy bilen ýurdyň çäginde alajagaplaňlaryň sany örän azaldy. Ýurdyň çäklerinde özbaşdak toparlaryň ýaýrawynyň ýitip gitmegine, turan gaplaňy bilen bolşy ýaly, hatda onuň doly ýitip gitmek howpy abandy. Ýöne alajagaplaňlar antropogen täsir etmelere uýgunlaşmaga ukyplydyrlar. Gysga wagtyň içinde olar adamyň howandarlygynda ýaşamaga uýgunlaşdylar, olaryň iýmitlenmek ýagdaýy epesli üýtgedi hem-de giňedi, ozalky ikinji derejeli we tötänleýin iýmitler esasy iýmite öwrüldi.

Düýbünden amatsyz şertlerde ýaşamaga bolan başarnygyny saklap galmaga bolan ajaýyp ukyplary bu owadan jandaryň ýaşamagyna kömek etdi. Adatça ýolbars haýwanlaryň şiri, gaplaň iň ýyrtyjy haýwan, alajagaplaň bolsa, iň owadan we çalasyn hasaplanylýar. Bu surata syn ediň. Bu haýwanyň çeýe we örän gelşikli syraty, tegelek kellesi, uly guýrugy hem-de güýçli, muskully penjesi bar. Olaryň uzynlygy 180 sm. ýetýär, guýrugynyň uzynlygy 100 sm. ýetýär, agramy 60 kilogramdan hem geçýär.Bu ýabany pişigiň ajaýyp mawy gözleri bar we hamynyň açyk reňki bolýar: endamynyň hemme ýerinde anyk garamtyl nokatlary, döşinde we garnynda bolsa ýagty ýa-da uly bolmadyk ak tegmiller bolýar. Alajagaplaňyň gyýaklaryny bolsa käwagt häzirkizaman «gylyç dişlerine» degişli diýip hasap edýärler. alajagaplaňlaryň örän ajaýyp eşdiş we görüş ukyplary bardyr, ys alyşlary bolsa örän gowşakdyr.


Alajagaplaňlar köp halatlarda ýekelikde ýaşaýar we aw edýärler. Olar gündizine haýsydyr bir arçanyň üstünde ýatýarlar, garaňkynyň düşüp başlamagy bilen bolsa aw edip başlaýarlar. Bu örän mekir pişik. Gaplaňdan ýa-da ýolbarsdan güýjüniň asgyn bolmagy bilen, olar öz awlaryna sessiz we assyrynlyk bilen barmak ykyby blen olardan üstün çykýar. Ol dag goçuny ýa-da geçileri yzarlamak bilen, dag gaýalaryna çykmaga örän ukyplydyr. Duşakda käwagt ýokarda arçada dag goçynyň skeletini görmek boýar. Çünki ol öz eden awynyň beýleki haýwanlara şam bolmazlygy üçin ony bu ýere çykarýar. Eger-de aljagaplaň bukydan aw etse, onda ol örän ýokary bökýär (onuň ýokary bökmekliginiň belentligi 5,5 m. ýetip bilýär), ol öz edýän pidasynyň arkasyna böküp, onuň ýeňsesinden dişläp, ony ýere ýykýar.Alajagaplaňlaryň esasy awy toýnaklylar maşgalasyna degişli jandarlardyr, emma kyn wagtlarda gemirijileri hem awlaýar, süýrenjilerden we mör-möjeklerdenem ýüz öwürýär.

Sagat alajagaplaň hiç wagt goýun sürüsine ýa-da öý haýwanlaryna topulmaýar. Adatça ony hakyky aw etmäge ukypsyz bolan diňe keselli, agsak ýä-da dişsiz ýyrtyjy edýär. Maňa şeýle haýwanlary görmek miýesser etdi. Bir sapar aýagyna oklukirpiniň tikeni çümen ýaş agsak alajagaplaň duş geldi. Bir wagtlar Duşakda uly kelleli we ysgynsyz alajagaplaň ýaşady. Şol wagtlar daglykda ýerleşýän desgalarda gorag itleri ýitip başlady. Keselli ýyrtyjy ýitip gidenden soň itleriň hem ýitmegi kesildi. Dag syýahatçylarynyň arasynda alajagaplaň adamlary yzarlaýar, gijelerine bolsa olaryň guran çadyrlarynyň töwereginde gezýär, eger-de şol ýol bilen yzyňa gaýdyp gelseň, onda hökman onuň aýak yzlaryna gabat gelýärsiň diýen myş-myş ýaýrady. Köp halatlarda bu bir hyýaly oýun bolýar. Alajagaplaň adama gabat gelende hiç haçan hüjüm etmeýär, adatça bir gapdala sowulýar. Muny daglarda haýwanlary gören her bir adam tassyklap biler. Şeýle adamlar bolsa köpdür.

Bir sapar men ýolda uly erkek alajagaplaňa gabat geldim. Çyranyň ýagtysyna ol alňasaman, agraslyk bilen, öwrümli ýoluň gyrasy bilen ýoluny dowam etdirýärdi. Diňe amatly ýer saýlap, ol ýoldan sowuldy. Biz saklanyp, bu jandary synlamak üçin öwrümli ýoldan az-owlak aşak düşdük. Ol hüjümini we biziň oňa berýän ünsümize hiç hili päsgel bermejekdiigini äşgär edýän ýaly, agajyň aşagynda rahat ýatyrdy.

Bu çalasyn pişik kada boýunça, adamy ilki görýär. Alajagaplaňyň gözi örän ýitidir, ol kesekini 1,5 kilometrden görüp bilýär. Ol öz çagalaryny çola derelerde gizleýär. Alajagaplaňlar ýylyň bütin dowamynda köpelýärler. Ene alajagaplaňyň her üç aýdan 1-2 sany çagasy bolýar. Olar gowaklarda, darajyk derelerde, agaç kökleriniň aşagynda ýaşaýarlar. Ene alajagaplaň çagalary 2 ýaşaýança aladasyny edýär. Onuň dürli ýaşdaky çagalaryna hem gabat gelinýär. Erkek alajagaplaň öz çagalaryna aýlanyp durýar. Olara aw awlamaga kömek edýär.

Geň galmaly ýeri hem, alajagaplaňlaryň Duşakda duşmanlary bar. Bu-möjekler. Maňa alajagaplaňyň möjek sürüsi bilen tutluşygynyň garda galan yzlaryny birnäçe gezek görmek miýesser etdi. Adatça möjekler ýaş, tejribesiz alajagaplaňlary yzarlaýarlar hem-de agaçlara tarap kowýarlar. Bir sapar bolsa, ýaş erkek alajagaplaň ýokary woltly elektrik geçirijisiniň sütünine dyrmaşmaga mejbur bolupdyr. Ol bu ýerde öz çyg göwresi bilen ýokary güýçli toga degip, ölüp galypdyr. Onuň ölen ýeriniň aşagynda möjek yzlary galypdyr.

Köp ýyllaryň dowamynda, aýratyn hem gyş aýlarynda, geçirilen gözegçilikleriň netijesinde garda galdyran yzlary boýuça onuň hereket eden ugurlaryny we iýmitlenýän ýaýrawlaryny örän takyklyk bilen kesgitläp bolýar. Başga söz bilen aýdanyňda – alajagaplaňlaryň iň köp bolýan ýerlerini, ýygy-ýygydan bolmagy halaýan ýerlerini hem-de köp sanly dyrnak yzlaryny galdyrýan ýerlerini tapyp bolýar. Awçylar ýaş haýwanlara monitoring alyp barmak üçin hut şeýle ýerleri saýlap alýarlar. Şeýle hem olara alajagaplaňyň örän bilesigeliji haýwandygy kömek edýär. Eger-de ol öz gezýän çäklerinde haýsydyr bir täzelek, adaty däl zada duşsa, onda ol hökman ony öwrenmäge çalyşýar. Şeýle bilesigelijilik ýaş haýwanlary ýygy-ýygydan aldawa salýar. Bu ýagdaý olaryň möjek sürüsiniň özlerine has ýakyn gelmegine, oklukirpiniň iňňesiniň çümmegine ýa-da owlajyk läşi goýlan gapana düşmeklerine sebäp boýar.

Biziň gürrüňini edýän ýagdaýymyzda Merkezi Aziýada saklanyp galan dört sany iri ýyrtyjylaryň biri bolan alajagaplaňyň «fotoduzak» ünsüni sowdy. Ol aldawçynyň töwereginde göwnejaý ýerleşen alajagaplaňyň uly maşgalasyny surata düşürmäge şert döretdi. Fotokamera arkaly surata düşürilen bu örän owadan we buýsançly jandarlary gören her bir adamyň mähriban topragynyň tebigatyny örän aýawly garajakdygyna, bu owadan, örän seýrek duş gelýän jandarlara ýokary baha berjekdigine we olary gorajakdyklaryna ynanýaryn.