Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý tohumçylyk we tebigy baglary goramak gullugy şu ýylky bag ekmek möwsüminde eker ýaly 10 000 sany pisse we badam nahallaryny taýýarlady. Şeýle hem ýaş nahallaryň arasynda hoz, pekan we beýleki ösümlikler bar.
Ýaş nahallaryň köpüsi bir we bir ýarym ýaşlaryndadyr. Tokaý işgärleri olara gözegçilik ederler, olary iýmitlendirerler hem-de suwararlar. Alymlar ösmäge ukyby bolmadyk nahallary saýlap aýyrdylar, olar mundan beýläk ösmäge ukyplylaryny we sapmaga degişlilerini oturtdylar.
Şu ýylky bag ekmek işleri Köpetdag goraghanasynyň töwereginde Giňdiwar dagynyň eteginde umumy meýdany 300 gektar bolan synag meýdançasynda geçirilýär. Bu ýerde ösümlikler we haýwanlar üçin şertler döredilýär. Meselem, toýnakly haýwanlar gidrogeologlar tarapyndan ösümlikleri suwarmak üçin gazylan guýydan suw içmäge we goraghananyň işgärleriniň gyş üçin taýýarlan iýmlerini iýmäge bir eýýäm uýgunlaşdylar.
Tokaý tohumçylyk we tebigy baglary goramak gullugynyň müdiri Akmyrat Atamyradowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda geçen ýylda kabul edilen Tokaý kodeksi esasynda bu ugurda hojalyk gatnaşyklaryny sazlaýan normatiw-hukuk kararlary işlenip düzülýär. Ýurtda tokaýçylygyň ösdürilmegi bilen, hususy nahalhanalar barha köpelýär. Onda adamlar ösümlikleriň ýerli we ekzotiki tohumlary bilen icgin meşgullanmak isleýärler. Ösümlikler we olary ekmek hem-de idetmek bilen gyzyklanýan hojalyklar bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Soňky ýylarda pisse tokaýlygyny döretmäge isleg bildirýän ilkinji fermer hojalyklary döräp başlady. Biziň gullugymyz olara maslahatlar berip durýar, oňat hilli tohum bilen üpjün etmäge kömek edýär. Şeýle tejribeler Ahal we Mary welaýatlarynda toplanyldy. Bularyň ählisi Tokaý, Ýer we Suw kodeksleri bilen bilelikde oba hojalyk toplumynda we tokaý hojalygynda ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitleýär.
Gullugyň çözýän meseleleri esasan hem tebigaty goramak häsiýetine eýedir. Bu gök zolaklary döretmekden, hünärmenlere okuw öwretmekden, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Meselem, geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen hünärmenleri kiçi tokaýlary bolan ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça maslahata gatnaşdylar. Çäklerinde gurak meýdanlar bolan ýurtlaryň wekilleri Tähranda ýygnandylar.
Gullugyň tokaýçylary „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini gök baglyga öwürmekde, ekin meýdanlarynyň töwereginde gök zolaklary döretmekde maslahat beriş kömegini edýärler. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary – geljekki biologlar we agronomlar gullugyň çäklerinde tejribe geçýärler.
Häzirki wagtda gullugyň ýyladyşhanasynda geljekde ekiljek baglaryň nahallary taýýarlanylýar. Pisse tohumlary onlarça ýyl bäri bu gymmatly ösümlikleri Merkezi Garagumyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli synag geçirilýän ýer bolan Badhyz döwlet goragyanasyndan hem-de Garrygul nahalhanasyndan gelip gowuşýar.
Biziň ýurdymyzda pisseleri konteýnerlerde köki ýapyk usulda ösdürip ýetişdirmek indi birnäçe ýyl bäri ulanylyp gelinýär. Ol özüniň oňyn netijesini hem berýär. Şu döwrüň içinde saýlamak arkaly şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen pisse hasylynyň dürli görnüşlerinden gullugyň hususy gaznasy döredildi. Şonuň esasynda hem alymlar seçgi işlerini dowam etdirýärler.