Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, hindi dili boýunça talyp bäsleşigi geçirildi. Hindi diliniň baýramçylygy hökmünde geçirilen bu çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hindi dili hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň okuw materiallaryny özleşdirişine baha berýän emin agzalary hökmünde bellenilen wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda habar berilmegine görä, hindi dilini wagyz etmek baradaky maksatnama hindi dili boýunça mugallym, professor Surdha Singhiň gatnaşmagynda ýokary okuw mekdebiniň rektoraty tarapyndan ýakynda işlenip taýýarlandy.
Şu gezekki bäsleşikde türkmen talyplary “Leýli - Mežnur” operasy boýunça teatrlaşdyrylan sahna eçeri, geçmişiň we häzirki döwrüň Duşýenta Kumar, Dhumil, Nirala ýaly belli hindi şahyrlarynyň goşgulary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem türkmen şahyry Gara Seýitliýewiň ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan hindi diline terjime edilen “Hindistan” diýen goşgusy ýaňlandy.
Bu çäre tamamlanandan soňra Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sunila Jain Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň daşary syýasat strategiýasynyň türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendirýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Jenap ilçi şu dabaranyň Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini hem-de iki ýurduň arasynda birek-biregiň medeniýetine we däp-dessurlaryna öňden bäri özara gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şu medeni çäre gumanitar ulgamyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýandagyny aýdyň görkezdi.
Soňra bäsleşikde has-da tapawutlanan talyplara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda şunuň ýaly çäreleri geçirmek oňat däbe öwrüldi. Bular talyplara diňe birnäçe daşary ýurt dillerini özleşdirmäge ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem dürli ýurtlaryň, halklaryň medeniýetlerine has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.